MILLI HALAS EDIŞ KOMITETI
WE ONUŇ GÜÝJE GIRMEGINIŇ ESASLARY
Moderin demokratik jemgyýetler özygtyýarly döwletlerini we politikalaryny dürli-dürli göreşleriň üsti bilen elde etdiler. Mysal üçin, häzirki ABŞ-niň XVIII asyrda Britan koloniýalisteriniň garşysyna göreşip, Jumhuriýeti bar etjek bolan Konstitusion gurluşlaryny döretmekleri ýaly. Ýa-da, Fransuz Rewolýusiýasyndan soňra, Fransuz Jumhuriýetiniň patşalyk düzgüniniň ýerine geçip, köpçüligiň bähbidine ýarajak Konstitusion gurluşlaryny emele getirmekleri ýaly.
Umuman aýdylanda, günümiziň demokratik ýurtlarynyň ençemeleri şuňa meňzeş göreşlerden geçip, halk merkezli döwletlerini we politikalaryny gurmaklyk olara başartdy. Bu halklar, konstitusion gurluşlaryna eýe bolmak üçin “Gurujy Güýç” görnüşde birnäçe mejlisler we ýygnanşyklar alyp bardylar. Bu ýygnanşyk we mejlisleriň soňunda, her bir ýurtdaşyna deň derejede hukuk tanaýan Konstitusiýalaryny emele getirdiler. Milli Halas Ediş Komiteti (MHEK) hem, öz gezeginde şol häsiýete eýe bolup, durmuşumyzda Türkmen halkynyň demokratik ýurduny döretmek we Konstitusion gurluşyny dikelmek maksady bilen peýda boldy. MHEK, türkmen halkynyň demokratiki haklary üçin Kanuny-Politiki ugurda alyp barýan göreşiniň guramalaşan görnüşüne berilen atdyr. Başga dil bilen aýdylanda, MHEK Gurujy Güýçdir. Gurujy Güýç bolmaklygyny we maksadyny orta goýan ýagdaý bolsa, Türkmenistanda Konstitusion gurluşyň ýoklugy we onuň ýoklugyndan peýda bolan ähli bidüzgünçilikler.
Mazmuny
Üýtgeşme girizilen taryhy: 30.06.2023
Türkmenistanda Döwlet we Konstitusion Gurluşyň Ýoklugy.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny yglan eden ilkinji gününden başlap, hiç hili Kostitusion gurluşa eýe bolman, öz bar boluşyny şonsuz amala aşyrdy. Hat-da, wagtyň geçmegi bilen Kostitusion gurluş ýola girjek ýaly bolup görünse-de, hakykatda ýurt Niýazowyň syýasy ugry bilen orta asyr dolandyrylşygyna dogry yza ýol aldy. Netijede, ýurduň ähli güýji bir adamyň elinde ýygnandy. Bu bolsa, güýçleri bir-birinden aýyryp, özbaşdak hala getirýän Kostitusion gurluşyň tersine bir ýagdaý bolýar.
Niýazowdan soň, 2006-njy ýylyň 21-nji Dekabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasy diýilip görkezilen resminamadaky (Konstitusiýa) tertip düzgünleri hem gödek bozup, Prezidentlik wezipesini bikanun eýeledi.
Düşündirişler:
- Türkmenistanyň şol döwürki hereket edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy diýilip görkezilen resminama laýyklykda, ölen Prezidentiň, ýagny S. Nyýazowyň ornuna 3 aý möhlet bilen Mejlisiň başlygy Ö. Ataýew gelmelidi. Emma, köşkde dörän dil düwüşikligiň netijesinde Ö. Ataýew tussag edilip, azatlykdan mahrum edildi. Netijede jenaýatçy topar hökümeti basyp aldy.
- Türkmenistanyň şol döwürki hereket edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy diýilip görkezilen resminama laýyklykda, Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän şahs, ýagny G. Berdimuhamedowyň geçirilmeli saýlawda Prezidentlik wezipesine dalaşgär bolmaga haky ýok.
- 2022-nji ýylda geçirilen sözde Prezidentlik saýlawynda, Berdimuhamedow öz ogly Serdar Berdimuhamedowa özüniň kanun daşy eýeläp duran Prezidentlik wezipesini geçirdi. Özi bolsa, galp ýagdaýda döredilen Halk Maslahaty ady astynda halka garşy gurnalan bir jenaýat guramasynyň başyna geçdi.
Türkmenistanda Kostitusion gurluşyň ýoklugy sebäpli halkyň düýp haklarynyň elinden alynmagy. Mundan başga-da, halkyň ýere eýe bolma hukugynyň elinden alynmagy we emläk goragynyň ýoklygy.
Düşündirişler:
- Ýurduň içinde ilatyň düýp haklaryndan biri bolan, etrap we welaýatlaryň arasyndaky ykdysady, sosial we fiziki gatnaşyklaryna we olaryň günlük durmuşyna girizilen hukuk daşy çäklendirmeler.
- Ýurtdaşlara ýurduň topragyny toprak-ýeri hökmünde şahsy eýeçilige berilmeýänligi. Olaryň öýlerini we emläklerini eýesiniň razylygy bolmazdan ýykyp ýa-da dargadandan soň, şahsy emläkler üçin degerli we degişli kompensasiýalaryň tölenmezligi.
- Ýurtdaşlara ýurduň topragyny toprak-ýeri hökmünde şahsy eýeçilige berilmeýänligi. Olaryň öýlerini we emläklerini eýesiniň razylygy bolmazdan ýykyp ýa-da dargadandan soň, şahsy emläkler üçin degerli we degişli kompensasiýalaryň tölenmezligi.
Netije:
Türkmenistanyň Kostitusion gurluşyň ýoklugy sebäpli, Konstitusiýasynyň kepilligi we ýurduň dolandyryşy doly halkyň kontrolyndan çykaryldy.
Türkmenistanyň Halkyna Garşy Genosid We Terror (Gorky) Usullarynyň Giňden Ulanylmagy.
- 2019-njy ýylda dünýäde möwç urup başlan Kowid-19 pandemiýasy sebäpli ähli döwletlerde bu keseliň garşysyna dürli görnüşde göreş yglan edildi. Diňe Türkmenistanda şu güne çenli bu keseliň barlygy ykrar edilmedi. Türkmenistanda Kowid-19 bilen kesellänleriň we bu keselden ölenleriň sany Türkmen we Dünýä jemgyýetçiliginden gizlenip gelinýär. Hökümet keselçilige garşy göreşmegin ýerine, halky köpçülikleýin dürli dabaralara, çärelere yzygiderli gatnaşmaga mejbur edip gelýär.
- Türkmenistanda ýaşaýyş ýerlerine ýakyn gurulýan zawod-fabrikleriň öndürýän zyýanly galyndylarynyň tebigaty zaýalamagy sebäpli döreýän dürli agyr keseller adamlaryň köpçülikleýin kesellemegine we wagtyndan ir ýogalmagyna sebäp bolýar.
- Türkmenistanda syýasy, dini we özbaşdak pikirli adamlaryň bikanun tussag edilmegi, olaryň gözgyny şertde we dar zyndanlarda degişli medisina hyzmaty bolmadyk halda hem-de psihiki we fiziki basyşlar astynda saklanmagy, öldürilmegi ya-da ýitirim edilmegi sistematiki terzde alnyp barylýar.
Ýokarda görkezilen şertler we çäreler Türkmenistanyň halkyna garşy edilýän genosiddir.
Türkmenistanyň Ýurtdaşlary:
- Hak-hukuklaryny talap eden halatynda;
- Hökümetiň alyp barýan syýasaty hakda öz pikirini aýdan halatynda;
- Sosial Media ulgamlaryny ullanan halatynda
olara we olaryň ýakyn garyndaşlaryna ýurduň hukuk goraýjy organlary tarapyndan işlerinden kowmak we azatlykdan mahrum etmek ýaly gorky duýgusy salynýar, hatda käbir halatlarda bigünä adamlar ýitirim edilýär.
Mekdep ýaşyndaky çagalardan başlap ähli watandaşlaryň şahsy mobil we beýleki aragatnaşyk enjamlaryny, eýesiniň islegi we razylygy bolmazdan bikanun ýagdaýda hökümet tarapyndan yzygiderli barlanyp durulmagy, diňe belli-belli adamlaryň däl-de, ähli Türkmenistan watandaşlaryna bilkastlaýyn gorky duýgusy salynýar.
Halkyň Aňyna Siňdirilen Gorky we Korrupsiýa Zerarly Syýasy, Ykdysady we Sosial Ýagdaýlaryň Ýurtda Dowamly Agyrlaşmagy.
Soňky ýüz ýyllykda, öňki kommunistik we soňky ýyllaryň diktatura režimi tarapyndan halkyň aňyna siňdirilen gorky we korrupsiýanyň netijesinde watandaşlaryň hiç birinden täze pikir we düşünje orta çykmady. Netijede türkmen jemgyýeti köpçülikleýin ähli tarapdan degradasiýa uçrap, öz erkinlik we haklary üçin göreşmez ýaly edildi.
Düşündirişler:
- Konstitusiýa diýilip görkezilen resminamadaky hak-hukuklaryna garamazdan, Türkmenistanyň ilaty TSSR we Garaşsyzlyk zamanynda halky döwlet syýasatyndan gaty uzakda saklanyp geldiler.
- Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda we ondan öňki TSSR döwründe, halk ykdysady hak-hukuklaryndan mahrum edilip gelinýär.
- Bikanun hökümetiň alyp barýan hyýanatçylykly syýasaty netijesinde, neşe serişdeleriniň ilatyň arasynda giňden ýaýradylmagy we gün-günden artýan işsizlik zerarly köp sanly maşgalalaryň dargamagy bilen sagdyn nesiliň ýetişmeginiň öňi alynýar. Şol sebäpli, ilatyň sosial düzümi doly bozuldy.
Netijede, Türkmenistanda syýasy, ykdysady we sosial gurluş doly çökdi.
Türkmen Halkynyň Watanyny Terk Etmäge Sezewar Edilmegi We Yzyna Dolanmagynyň Petiklenmegi.
Bikanun hökümet, halky mal-mülklerinden we hak-hukuklaryndan mahrum etmegi, köpçüligi ýurduň daşyna çykmaga mejbur etdi. Eklenç gözleginde ýurduň daşyna çykan Türkmenistan watandaşlarynyň käbir maşgala agzalary bikanun hökümet tarapyndan bilkastlaýyn girewe alynyp galynanlygy sebäpli, gazançlarynyň agramly bölegini ýurda (çagalaryna we gartaşan ene-atalaryna) ugratmaly bolýarlar. Bank sistemasynyň düýbünden yok edilenligi sebäpli, olaryň ugradýan daşary ýurt walýutalarynyň ýurda girişi Guramaçylykly Jenaýatçy Toparyň gurnan hileli şemalary arkaly amala aşyrylýar. Hileli şemanyň bu görnüşi kök uran diktator režimleriň ýygy-ýygydan ulanýan usuly bolup durýar.
Watandaşlaryň Ähli Azatlyklaryndan We Hukuklaryndan Mahrum Edilip, Halkyň Gulçulyk Derejesine Düşürilmegi.
Görkezilen sözde kanunlar boýunça, Prezident wezipesi Konstitusiýanyň ýeke-täk kepili diýilip görkezilen. Emma, praktikada Konstitusiýa diýilip görkezilen resminamanyň kepili bolup duran Prezident, şol Konstitusiýa diýilip görkezilen resminamany özi aýak astynda depeleýär.
Meselem:
- Türkmenistanda geçirilýän ähli saýlawlar we referendumlar halkyň pikiri soralman, olary syýasy kararlara goşman, gizlin ýagdaýda geçirýärler. Halka diňe hökümete bähbitli netije yglan edilýär;
- Prezident saýlawlarynda, jenaýatçy Gurbanguly Berdimuhamedow iň pes 95%, referendumlar bolsa hemişe bir agyzdan “Razy” sesini alýar. Şol bir wagtyň özünde saýlamaga we saýlanmaga hukugy bolan 60% Ýurtdaşlaryň ýurt daşynda bolmagyna garamazdan, daşary ýurtlarda hiç hili saýlaw nokatlary gurnalmaýar.
- Netijede, halk saýlanmadyk Prezidente we bolmaýan kanunlara, basyş we beýni ýuwma metodlary bilen boýun egdirilýär. Saýlamak we saýlanmak hukugy elinden alynan jemgyýeti gorky, basyş, aldaw, dürli manipulýasiýalar we sahnalaşdyrylan propagandalar bilen halkyň aň-düşünjesini düýpli zäherläp, jemgyýeti doly degradasiýa sezewar etmegiň netijesinde halkyň özygtyýarlygy elinden alynýar.
- Konstitusiýa diýilip görkezilen resminamanyň orny, Guramaçylykly TerrorTopara bähbitli bolan kasam, reformalara derek içi boş manysyz maksatnamalar (Altyn Asyr, Täze Oba, Galkynyş, Parahatçylyk, Bereketli, Açyk Gapylar Syýasaty, Ynanyşmagyň Ýyly we ş.m.) we mejbury çäreler bilen çalşyryldy.