Mejlisiň geçenki oturumynda: GTT’niň çykaran hukuk-daşy kanunlary we alan kararlarynyň hökümsizligi hakynda mejlis agzalaryň pikir diňleşigi netijesinde ses berişlige gidilip, GTT’niň hukuk-daşy kanunlary we kararlary hökümsiz diýip karar kabul edildi.
GM‘niň gün tertibi: Türkmenistan’da Konstitusion guruluşyň ýoklugy sebäpli tussaghanalaryň boşadylmagy.
“Kanunyň ýok ýeri Türkmenistan’da tussaghanalar näme sebäpden bar?”
– diýlen sorag mejlisde mesele hökmünde hödürlendi.
Şu ýokarky mesele boýunça mejlis agzalaryň pikirleri diňlendi:
- “GTT’niň syýasatyna garşy gelýän: ýurduň aýdyňlary, hünärmenleri, erkin garaýyşly ýurtdaşlary ýok etmek üçin tussaghana ady astynda ýok edişlik işi geçirilýär”
- “Tussaghanalar, GTT’niň goşmaça gazanç çeşmesi bolup işleýär”
- “Tussaghanalar, gelin-gyzlaryň mertebesini aýak astyna almak üçindir”
Mejlisiň dowamynda şeyle teklipler hem aýdyldy:
-
- “Ilki bilen zenan tussaghanalaryň boşadylmagy wajypdyr”
- “Tussaghanalardan boşadylan ýurdaşlaryň reabilitasiýa etmeklik we maddy-ruhy tarapdan öwezini doldurmaklyk”.
GM’niň tamamlanmasynda: Türkmenistan’da Konstitusion hukugyň ýoklugy sebäpli tussghanlarda çüýredilýän ýurtdaşlaryň boşadylmagy hakynda ses berişlige gidildi.
Mejlise gatnaşan 27 agzadan:
Goldan 24;
Garşy çykan 0;
Saklanan 3 bolmak bilen, karar kabul edildi.
Ses berişlikden soň mejlisiň oturumy tamamlandy.
Taryhy: 04.05.2022