Search
Close this search box.

Türkmenistan’da Konstitusiýanyň Ýokdygy Karary

GM’niň gün tertibi:  Türkmenistan’da Konstitusiýanyň ýokdygy. Bar edip görkezilýän konstitusiýanyň ýalandygyny we hukuk-daşydygyny ykrar edilmegi baradaky ýygnanşyk.

            Ýygnanşygyň başynda M.sözjisi Merdan  Muhamedow, Türkmenistan’da konstitusiýanyň diňe kagyz ýüzünde bardygyny şu sözler bilen düşündirdi:
Konstitusiýada adam we raýat sözleriň geçmegi, raýat sözüniň  könstitusiýada ýer almagy jenaýatdygy, saýlawlaryň ýalandan geçirilmegi.

Bu mesele hakynda M.agzalarynyň pikirleri diňlendi:

M.agzasy Şöhrat Mejlise şeýle sorag bilen ýüzlendi:
“Türkmenistan’yň konstitusiýasynda geçýän raýat we adam sözi näme sebäpden ulanylýar?”

Bu soraga şeýle jogap geldi:
“Türkmenistan’da raýat sözi halk köpçülügine ulanylýar, adam sözi hem ýurdy talap ýören terror topar özlerine ulanýarlar…”.

 -“Sözde döwlet guramasy ýurtdaşlarynyň öňünde hiç-hili jogapkärçilik çekenok. Mysal hökmünde Kakageldi Allanazarow, Türkiýe’de saglygyny ýitirdi,  ýöne Türkmenistan’dan kömek alyp bilmeýär”
– diýip M.agzasy Umyda Bekjanowa aýtdy.

“Kanunyň işlemeýän ýurdunda  “döwlet adam üçindir”- diýen poropoganda ýalan we görkezme çäre hökmünde”.

“Konstitusiýanyň we kanunyň işlemeýändigine özüm  şaýat boldum”
– diýip Kakageldi Allanazarow aýtdy.

GM’de şeýle teklip bilen  ses berişlige gitdiler:
– Türkmenistan’da konstitusion gurluşyň ýokdygy sebäpli we içinde Raýat (goýun sürüsi) sözüniň geçyändigi sebäpli, Türkmenistan’da konstitusiýanyň ýokdygy kararyny kabul etmek.

Gatnaşan agza: 27;
goldaýan agza: 25;
garşy çykan: 0;
saklanan agza-0 bolup, karar kabul edildi.

GM’niň bu günki oturumy tamamlandy.

Taryh ýyly: 11.07.2023.

Scroll to Top