GM’niň geçenki oturumynda: Türkmenistan’da Tribunal döretmegiň esasy sebäpleri we maddalary-meselesi diňlendi.
GM’niň gün tertibi: Täze Türkmenistan’da Tribunal döretmegiň esasy Sebäpleri we Maddalary meselesiniň dowamy.
Bu mesele hakynda GM’niň geçenki oturumyndan şeýle düşünjeler döredi:
- Ynsanlygyň garşysyna edilen jenaýatlar sebäpli Genosidiň dürli görnüşlerini ulanyp Türkmenistan’yň halkyny ýok etmäge synanyşmak.
- Raşizm’e bilip ýa-da bilmän edilen hyzmat[lar] sebäpli.
a) Öz ýurtdaşlaryny Raşizm’iň peýdasy üçin Genosidiň dürli görnüşlerini ulanyp, Türkmenistan’yň halkyny ýok etmäge synanyşmak.
b) Türkmenistan’yň özygtyýarlygyny Raşizm’iň eline tabşyrmak. - Ýokarda agzalan maddalary guramaçylykly görnüşde alyp baranlygy sebäpli:
a) Halka zulum etmegi.
b) Adam öldürmegi.
c) Emeli päsgelçilikler döretmegi.
d) Terrorçylykly işleri alyp barmagy.
e) Neşe serişdelerini giňden ýaýratmagy.
f) Reket etmegi.
g) Halky sowatsyzlaşdyrmagy.
h) Kanunyň daşyna çykmagy.
i) Gorky kultyny döretmegi.
j) Halkyň guramaçylykly sürgün edilmegi.
k) Halkyň maglumat almakdan we bermekden mahrum edilmegi.
l) Söz azatlygyndan mahrum etmegi.
m) Konslager maksatly döredilen hapyshanalaryň bolmagy.
n) Sudsyz ýagdaýda ynsanlara hökümiň berilmegi.
o) Aýallaryň mertebesine degilmegi.
p) Adalatsyzlygyň ýörite alynyp barylmagy.
q) Watan söýgüsiniň ýok edilmegi.
r) Kanunlaryň halkyň garşysyna işleýän bolmagy.
s) Ýurduň baýlyklaryny we mümkinçiliklerini (resurslaryny) diňe öz bähbitlerine ulanylmagy.
t) Halky 5 welaýata bölüp, bir-birine garşy etmegi.
Şu ýokarky bentler we maddalar hakynda M.agzalarynyň pikirleri diňlendi:
–“Şu maddalara, töhmet syýasatynyň hem goşulmagy gerekli”
– diýip M.agzasy Şöhrat teklip etdi.
–“Milletparazlygyň hem maddalara goşulmagy gerekli”
– diyip M.agzasy Bahar teklip etdi.
-“Türkmenistan’da, maşgala institutynyň ýok edilmegi maddalara goşulmaga esasdyr”
– diyip M.agzasy Merdan Meredow teklip etdi.
Bu günki M.oturumy tamamlandy.
Taryh ýyly: 20.06.2023