G.M’iň geçenki oturumynda: Täze Türkmenistan’da Tribunal döretmegiň esasy sebäpleri -meselesi diňlendi.
GM’niň gün tertibi: Täze Türkmenistan’da Tribunal döretmegiň esasy Sebäpleri we Maddalary meselesiniň dowamy.
- Ynsanlygyň garşysyna edilen jenaýatlar sebäpli: Genosidiň dürli görnüşlerini ulanyp Türkmenistan’yň halkyny ýok etmäge synanyşmak.
- Raşizm’e bilip ýa-da bilmän edilen hyzmatlar sebäpli öz ýurtdaşlaryny Raşizm’iň peýdasy üçin genosidiň dürli görnüşlerini ulanyp Türkmenistan’yň halkyny ýok etmäge synanyşmak.
Şu ýokarky geçen ýazgylara M.sözjisi Merdan Muhamedow düşündiriş berdi:
MHM’niň ýurtdaşynyň emlägini zor bilen almak (reket etmek); halkyň ýurt daşyna sürgün edilmegi, çak bilen 2,5 mln Türkmenistan’ly işsizlik, haksyzlyk, adalatsyzlyk sebäpli ýurt daşyna çykmagy;
– Bu herekediň hemmesiniň guramaçylykly alynyp barylmagy.
Bu mesele hakynda M.agzalary öz düşünjelerini aýtdylar:
-“Aşgabat şäheriniň ýurt möçberinde ýapyk saklanmagy we muňa sebäpkärler tribunal sudyna çekilmelidirler”.
–“Türkmenistan’da Genosidiň barlygy, dörediljek tribunal ýuridiki subutnamasy boljakdyr”
-diýip M.agzasy Merdan Meredow aýtdy.
–“Türkmenistan’da migrasiýa gullugy ýurtdaşlaryna basyş edýär, esas zenanlara hiç hukuk tanamaýar. Migrasiýa işgärleri tribunalda sud edilmelidir”
– diýip M.agzasy Umyda Bekjanowa aýtdy.
-“Bilim we maglumat edinmegiň öňüne geçilýãr; nesil ýetişdirme sistemasynyň ýoklugy; halka, hukuk goraýjylaryň zulum etmegi; halkyň mertebesiniň depgilenmegi; bilkastlaýyn watana bolan söýgisiniň ýok edilmegi, Türkmenistan’da tribunal geçirmegiň sebäplerinden”
– diýip M.agzasy Ýeňiş Çaryýew aýtdy.
–“Türkmenistan’da, gurulmadyk döwletde kanun – halkyň garşysyna işleýär”
– diýip M.agzasy Sapar Yklym aýtdy.
Bu meseläniň diňlenişiginiň dowamyny GM’niň indiki oturumyna geçirilmek teklibinde bu günki Mejlis oturumy tamamlandy.
Taryh ýyly: 13.06.2023.