GM’niň geçen oturumynda: Türkmenistan’da Tribunal döretmek barada diňlenişik geçdi.
GM’niň gün tertibi: Türkmenistan’da Tribunal döretmegiň esasy sebäpleri.
Ýygnanşygyň başynda M.sözjisi Merdan Muhamedow Türkmenistan’da Tribunal döretmegiň esasy sebäpleri barada düşündiriş berdi:
- Ynsanlygyň garşysyna edilen jenaýatlar sebäpli.
- Raşizm’e bilip ýa-da bilmän edilen hyzmatlar sebäpli.
- Ýokarda agzalan maddalary Guramaçylykly görnüşde alyp barylandygy sebäpli.
Bu mesele hakynda M.agzalary öz pikirlerini aýtdylar:
–“Tribunalyň döredilmeginiň sebäplerinden, öz milletiňe Genosid etmek”.
–“Tribunal, jaýdyryjy hereket hökmünde boljakdyr”.
–“Türkmenistan’daky “hökümediň” öz wezipesine jogapkärsizligi tribunalda sud edilmek üçin sebäpdir”.
–“Türkmenistan’daky halkyň ykbalyna edilen jenaýatlar we genosid sebäpli tribunal we lüstrasiýa hökmanydyr”– diýip M.agzasy Muhammet aýtdy.
GM’niň dowamynda M.sözjisi Merdan Muhamedow şulary hem aýtdy:
“Türkmenistan’daky edilen zulumlary we Genosidi dünýa köpçüligine görkezmek üçin tribunal geçirilmelidir, meselem Owadandepe’däki türmä giren we çykan adamlaryñ sanyny we sebäbi”.
M’iñ dowamynda M.agzasy Halmyrat Söýünow söz aldy we şular hakda gürrün etdi:
– Dünýa ýüzündäki geçirilen tribunal we Türknenistanda geçiriljek tribunalyñ arabaglanşygy;
– G.Berdimuhamedow’yň prezidentlige getirilen mahaly Mejlis başlygy Öwezgeldi Ataýew’a edilen jenaýat işi barada.
Bu meseläniň diňlenişigini mejlisiň indiki oturumynda dowam etmek bilen bu günki GM oturumy tamamlandy.
Taryh ýyly: 06.06.2023.