GM’niň gün tertibi: Suw getiren, suw getirmedik, küýze döwen deň bolmajagy barada ýygnanşygyň 1’nji oturumy.
Ýygnanşygyň başynda M.sözjüsi Merdan Muhamedow bu mesele barada düşündiriş berdi:
– Küýze döwen kategoriýasyna Türkmenistan’a zýyan ýetirenler girýär.
Bu kategoriýadakylar Tribunalda sud ediljekdir.
– Suw getirmedik kategoriýasyna Täze Türkmenistan’yň gurulmagyna goşulmadyk adamlar girýär.
Hany bu adamlaryñ ýorgünli sözleri bar:
-“Siz ýurdy guruweriň, bizem soň goşularys” düşünjäni ulanýarlar.
– Suw getiren kategoriýasyna Täze Türkmenistan’y gurmaga gatnaşanlar girýär, maliýe kömegini edenler. Ilkinji başy Gurujy Mejlisdir.
Bu mesele hakynda M.agzalarynyň pikirleri diňlendi:
–“Türkmenistanda şu güne çenli diňe küýze döwenler ýol alyp geldiler. Bu kararyň alynmagy geljekdäki nesilerimize hem görelde boljakdyr. Öz ýurdy üçin peýdaly iş edenleriň sarpasy tutjakdyr”
– diýip M.agzasy Ýeňiş Çaryýew aýtdy.
–“Öz ýurdyny eýemsirräp, ýurduň özbaşdaklygynyň ugrunda borjuny ýerine ýetiren aýdyň gatlagynyň sylaglandyrylmagy dogry hereketdir”
– diýip M.agzasy Merdan Meredow aýtdy.
-“Özüm, Türkmenistan watandaşy, ýurt daşyna mejbury ýagdaýda maşgala eklemek üçin çykdym. Ýedi-onsekiz aýakda durup, ýurdumyň özbaşdaklygy üçin göreşýän. Ýurdum üçin hünärmen taýynlaýan, hazyna goşant goşýan we bu alynjak karar azaplaryň garşylygydyr”
-diýip M.agzasy Haýat aýtdy.
-“Täze Türkmenistan gurujylary ellerini daşyň aşagyna goýup, janlary howp astynda bolsada gijesini gündiz edip işleýärler. Şonuň üçin sylaglandyrylmaga haklydyr”
-diýip M. agzasy Jennet aýtdy.
–“Täze Türkmenistan ideýasyna goşulyp başlanymdan bäri suw getirmedik kategoriýasyndaky adamlaryndan her dürli basyşlaryň aşagynda galdym. Muňa garamazdan ýoluma dowam edýärin”
– diýip M.agzasy Arslan aýtdy.
Bu meseläniň dowamyny GM’niň indiki oturumyna goýuldy.
GM’niň bu günki oturumy tamamlandy.
Taryh ýyly: 26.03.2024.