Search
Close this search box.

Raýat sözüniň we raýatlyk düşünjesiniň Türkmenistan’da gadagan edilmegi #1

GM’niň bu oturumynda: “Raýat” sözüniň Türkmençedäki manysy (goýun sürüsi) sebäpli ynsan mertebesini kemsidiji bolmagy zerarly Türkmenistan’yň çägindäki we daşyndaky ynsanlara hukuk, edary we syýasy taýdan ulanylmazlygy barada kanunyň kabul edilmegi teklibi.

Mejlis agzalary şu mesele hakynda öz pikirlerini aýtdylar:

  • “Ýurdumyzda Arapça dini kitaplaryny okap özlerini halka din adamlary hökmünde tanadan mollalaryğ şu raýat sözüniň manysyny düşündirmekden uzak durmaklary”
  • “Ruslaryň, raýat sözüne kyýaslap “баран” (Rusçada goýun) sözüni ýerli halka ulanmaklary ýöne ýerden däl”

Şeýle hem, mejlis agzalary şu “raýat” sözüni şu hereketler bilen halk arasynda berkemegini üpjün edýärler” – diýip aýtdylar:

  • “Niýazow döwründen başlap “raýat” sözüniň ulanyşa girizilmeginden soň, ýurtda zor bilen geçirilýän çärelere dürli ýaşdaky çagalaryň gatnaşdyrylmagy şol sözüň durmuşa geçirlme ädimleridi”
  • “Döwlet” mediasynda “raýat” sözüniň ýörite giňden gaýta-gaýta ulanylmagy
  • “Türkmenistan’yň “Ylymlar Akademiýasy”nyň ylmy işgärleriniň bu mesele baradaky sessizlikleri”
  • “Häkimiýetleriň” halk bilen işleşme düzgünlerinde “raýat” sözüniň işjeň ulanylmagy”

Şeyle hem mejlis agzalary tarapyndan bu mesele boýunça 2 sany teklip aýdyldy:

  1. “Raýat sözüniň ulanyşa girizilmegine gatnaşanlaryň jezalandyrylmagy”
  2. “Ruslaryň, ýerli halka “баран” sözüni ulanmaklarynyň sebäpleriniň açyga çykarylmagy”

Mejlis agzalary bu mesele hakynda teklip we öz başyndan geçiren wakalaryny hem gürrüň berdiler:

  • “Raýat sözüniň ulanyşdan galdyrylmagy, ýurtdaşlaryň mertebesiniň dikeldilmegindäki ilkinji ädim bolmalydyr”
  • “Sowet zamanynda, “Döwlet” edaralarynda Ruslaryň sözüniň basgyn bolmagy”
  • “Ýokary hilli önümleriň ilki Rus milletiň edinmegi”
  • “Sowet döwründe we häzirki wagtda-da bazarlarda, dükanlarda, awtobuslarda, umuman köpçilik ýerlerde Ruslaryň ýerli halkyň ýüzüne “туркмены бараны” diýilen kemsidiji sözleri ulanmagy”

Şeýle birnäçe waka we düşünjeler ara alnansoň, bu meseläniň dowamy GM’niň indiki oturumynda dowam etmek teklibi bilen mejlisiň bu oturumy tamamlandy.

Taryhy: 02.12.2022

Scroll to Top