Search
Close this search box.

Raýat sözi we düşünjesini demokratik hak-hukuga daýanan düşünjä geçirmek teklibi #1

GM’niň bu gezekki oturumynda: “Raýat” sözüniň we raýatlyk düşünjesiniň Türkmenistan watandaşlarynyň ady hökmünde ulanylmagynyň gadagan edilmegi sebäpli Türkmenistan watandaşlaryna “watandaşlyk” statusynyň manysyny ýatlatjak dogry manydaky sözi ulanyşa girizmek teklibi.

Ýygnanşygyň başynda: “Ýurtdaş”, “watandaş”, “ildeş” sözleri mejlis agzalaryna hödürlendi we bu sözleriň manylary hakynda düşündiriş geçildi we bu sözler barada mejlis agzalaryň düşünjeleri hem diňlendi:

  • “Ildeş sözi – jebisleşen halk hökmünde bilinýär we köne Türki sözdir, manysyny adminstratiw bilelikdelikden ugur alýar”
  • “Watandaş sözüniň – bir ýurt içinde ýaşaýjylary jemleýän söz hökmünde görülýär we köküni Arapçadaky düşlemek, ýerleşmek, oturmak aňlamlaryndan alýar”
  • “Ýurtdaş sözüniň – oturumly, ýerleşik halk hökmünde manylary bilinýär we köne Türki sözdir, köküni ýöremek işliginden alýar”

Şeýlelikde, mejlisiň bu oturumynda raýatlyk düşünjesiniň jemgyýet üçin zyýanly bolan taraplary we raýatlyk düşünjesiniň imperial düzgüne hyzmat edýänligi hakynda mejlis agzalary öz pikirleriniň üstüni, berilen “ildeş”, “watandaş” we “ýurtdaş” sözleriniň manysy bilen raýat sözüniň manysyny deňeşdirip ýetirdiler.

Bu meseläniň diňlenişigi indiki oturumda hem dowam etjegi kabul edildi. GM’niň bu oturumy tamamlandy.

Taryhy: 19.12.2022

Scroll to Top