Search
Close this search box.

Raşizm’iň aparatlarynyň asyl maksady | #9

GM’niň geçen oturumynda: Raşizm’iň aparatlary meselesi diňlendi.
GM’niň  gün tertibi: Raşizm’iň apparatlarynyň asyl maksady.

Ýygnanşygyň başynda M.sözjisi Merdan Muhamedow Raşizm’iň öz aparatlarynyň işleýiş düzgüninden peýdalanyş usullary hakynda düşündiriş berdi:
“Sowet birleşik ýurtlary dargansoň, Orta Aziya’da öz goýup giden sistemasy bolansoň, ýene-de sömürmegini dowam etmek üçin has elberişli boldy; Türkmenistan’da Raşizm’iň öz bar bolşuny aparatlaryň üstünden dowam etdirmekde; bu apparatlara degişli bolan sözde döwlet edaralary girýär; bilim ministrliginden başlap hukuk goraýjylaryň hemme görnüşi; Raşizm şu aparatlaryň üsti bilen gibrid uruş alyp barýar”.

Bu mesele hakynda M.agzalary öz pikirlerini aýtdylar:

“Din adamlary hem Raşizm’iň aparatlaryna degişli we MHM tarapyndan kontrol edilýär”.
-“Raşizm’iň aparatlary, ýerli öndürüjileriň üstünden hem basyş edýärler”.

-“Raşizm sistemasynda öz ýurdunyň bilim sistemasyny çökerden adamlar iň agyr jenaýat edenlerdir”
– diýip M.agzasy Sapar Yklym aýtdy.

-“Türkmenistan’daky hukuk goraýjy guramalaryň hemme görnüşi Raşizm’e hyzmat edýärler”
– diýip M.agzasy Söhbet aýtdy.

GM’niň bu günki oturumy tamamlandy.

Taryh ýyly: 25.04.2023.

Scroll to Top