Search
Close this search box.

Raşizm’e hyzmat edýänlere ýakyndan syn | #6

GM’niň geçenki oturumynda Raşizm meselesiniň dowamy geçdi.

GM’niň  gün tertibi:  Raşizm’e hyzmat edýänlere ýakyndan syn.

  M.agzasy Sapar Yklym bu mowzuk hakynda giňişleýin düşündiriş berdi:
– Türkmenistan’yň geçen ýyllaryndaky hukuk gurluşy; sistemasy; ýurduň ykdysady gurluşy; halkyň demografik bozulmagy; maşgala instituty; halka basyş edýän hukuk goraýjylar; polisiýanyň 6’njy bölüminiň Türkmenistan’a ýetiren ägirt uly zyýany.

 Bu mesele hakynda M.agzalary öz pikirlerini aýtdylar:

-“Meni, iş ýerimde garawullap oturan milisiýanyň(polisiýa) 6’njy bölüminiň maýor çinli işgäridi”
– diýip M.agzasy Halmyrat Söýünow, 1992’nji ýylda Türkmenistan’da öz janyna kast edilenligini aýtdy.

M.agzalary şu pikirleri hem aýtdylar:

-“Polisiýanyň 6’njy bölümi, halka gorky sistemasyny ýaşatmak üçin döredilen gurluş”.

“Polisiýanyň 6’njy bölümi Türkmenistan’daky iş dünýäsini hem kontrol edýärler, ýagny özlerine loýal adamlara önümçilik etmäge rugsat edýärler”.

-“Türkmenistan’yň betbagtçylyga düşmeginiň agramly bölegi polisiýanyň 6’njy bölüminiň işjeň çärelerinden gelýär”.

   Bu mesele GM’niň indiki oturumynda diňlenmek teklibinde bu günki sanyny tamamlandy.

Taryh ýyly: 14.03.2023.

Scroll to Top