Search
Close this search box.

Raşizm barada jemleýji ýygnanşyk | #10

GM’niň geçenki oturumynda: Raşizm’iñ Apparatlarynyň asyl maksatlary hakynda diňlenişik boldy.
GM’niň  gün tertibi: 

  1.  Raşizm hakykatda bar we Russiýa’nyň 100 ýyllardan bäri gelýän syýasy idealogiýasydyr.
  2.  Raşizm, döwrüne görä özüni alyp barýar, emma asyl idealogiýasyndan ýüz öwürmeýär.
  3.  Raşizm, Türkmenistan’da doly ornaşan.
  4.  Türkmenistan’yň ähli gurluşlary wagtyň geçmegi bilen Raşizm’iň eline geçipdir.
  5.  Raşizm sebäpli Türkmenistan’daky ähli gurluşlar halkyň garşysyna, emma Russiýa’nyň peýdasyna işleýär.

Bu mesele hakynda M.agzalarynyñ jemleýji düşünjeleri diňlendi:
-“Türkmenistan’yň sömürülmeginiň sebäbi ýurt içinde Raşizm’iň bar bolmagy”.
-“Türkmenistan’da, Bilimiň we Aýdyň adamlaryň ýok edilmeginde Raşizm’iň göniden-göni täsiri bar”.

-“Ýurt içinde bilginiň we internediň ýoklugy Raşizm’iň ýaşamagyny üpjün edýär, ýagny, ýerli halkyň aýdyñlanmagynyň öñüni alýar”
-diýip M.agzasy Parahat aýtdy.

“Türkmenistan’yň “milli” telewideniýesi, dowamly Türkmen watandaşlarynyň mertebesini basgylaýjy hereket alyp barýar”
-diýip M.agzasy Sapar Yklym aýtdy.

GM’niň Raşizm baradaky jemleýji ýygnanşygynda ýygnanşygyň açylyşynda sanalan 5 madda boýunça ses berişlik geçdi:

Gatnaşan agza-23;
Goldaýan agza-19;
Garşy agza-0;
Saklanan agza-0 bolup, karar kabul edildi.
Bu günki M.oturumy tamamlandy.

Taryh ýyly: 09.05.2023.

Scroll to Top