Search
Close this search box.

Adatdan Daşary Ýagdaý #2 | Mejlisiň 3’nji oturymy.

Gurujy Mejlisiň 1’nji oturymynda Türkmenistan’da Adatdan Daşary Ýagdaýyň (ADÝ) yglan edilmegine karar berildi we ses berişlik geçirildi.

Gurujy Mejlisiň 3’nji oturymynda mejlis agzalary Türkmenistan’da Adatdan Daşary Ýagdaý barada has giňişleýin seredilmegini we başgaça at berilmelidigini tassyklaýan birnäçe ýerlikli subutnamalar we faktlar beýan etdiler. Türkmenistan’yň taryhynda Adatdan Daşary Ýagdaý diýlen hadysa bolmanlygy sebäpli, meňzeş mysallar bilen deň hatarda seredilmeli däldigine üns çekildi.

   –“Biziň ýagdaýymyz Adatdan Daşary Ýagdaýdan (ADÝ) tapawutlyrak. Söweş zamany däl. Türklerde “Syky Ýönetim” diýlip atlandyrylan hadysa bar, emma bu ýagdaý hem uruş ýagdaýynyň hadysasy däl. Türkmenistan’yň taryhynda entek beýle ýagdaýyň tejribesi ýok. Şonuň üçin şertleri dogry suratlandyryp biljek, Türkmenistan’yň häzirki ýagdaýyny dolylygyna görkezjek bir at goýulmagy üçin döredijilikli çemeleşmeli”
– diýip, mejlis agzasy Sapar Yklymow nygtap geçdi.

   Türkmenistan’da ADÝ  yglan edilmeginiň gerekliligi dowam edip duran bikanun hereketiniň togtadylyp, täze kanuny dolandyryş sistemasyna geçilmeginiň ýola goýulmagy esasyna daýanýar. Geçiş döwründe ýüze çykyp biljek dürli sabotaž hereketleriniň öňüne geçmek, halk köpçüligine ýetip biljek zyýanyň öňüni almak, Täze Kanuny dolandyrylşyga geçilmegine garşy ýüze çykyp biljek prowokatiw hereketleriň öňüni almak Türkmenistan’da ADÝ düýp manysy bolup durýar. Dowam edip duran bikanun rejimiň ýykylyp, ýerine Täze Kanuny dolandyryşyň guruljak döwrüni “Geçiş Döwri” diýip atlandyrmak ýerlikli boljakdyr. Täze Türkmenistan’yň düýbi tutulýan “Geçiş Döwründe”, diňe şol döwürki wagt aralygyna degişli boljak kada-kanunlar we düzgünnamalar işlenip düzülmelidir. Halk tarapyndan Teror hökümetiň hyzmatkärlerine (polisiýa, prokuratura, MHM işgärlerine we ş.m) garşy ediljek jenaýatlaryň öňüni almak hem hökmanydyr. Sebäbi teror hökümetiň hyzmatkärleriniň wezipe eýelän döwürlerinde eden bikanun hereketlerinden ejir çeken köp sanly ildeşlerimiziň ar alma islegleriniň öçmän durandygyny ýatdan çykarmaly däldir. Gurulýan kanuny dolandyryşyň geçiş döwründe bolsa beýle bikanun hereketlere ýol berilmeli däldir. Bikanun hökümetiň jenaýatçy agzalary adyl suduň, kanunyň öňünde eden-etdiliklerine jogap bermelidirler. Täze Türkmenistan’yň düýbi tutulýança sosial tertip-düzgüniň goralmagy, bolup biljek jenaýatlaryň we sabotažlaryň öňüniň alynmagy üçin geçiş döwri komiteti döredilmeli hem-de bu iş MHEK’niň guramaçylygyna berilmelidir. Mejlis agzalary şu we şuňa menzeş birnäçe pikir-düşünjeler, bellikler, teklipler aýdyp geçdiler.

Gurujy Mejlis agzalarynyň pikirleri hem-de teklipleri esasynda Türkmenistan’da ADÝ-ň adyny GEÇIŞ DÖWRÜNIŇ BERK DOLANDYRYLŞYGY diýip yglan etmek karary alyndy we ses berişlik esasynda tassyklandy.

Taryhy: 23.03.2022

Scroll to Top