Gurujy Mejlis 2’nji oturlyşynda, 1’nji oturlyşyň 2’nji meselesi bolan “Türkmenistan’da saýlawyň hiç hili ýagdaýda geçirilip bolmajakdygynyň düýp sebäpleri” barada netijä gelmek we ses berişlik üçin öz işine dowam etdi.
2’nji oturlyşda mejlis agzalary dürli faktlary we subutnamalary orta goýup, özleriniň pikirlerini beýan etdiler. Türkmenistan’da saýlawyň hiç hili ýagdaýda geçirilip bolmajakdygyny we saýlawa gatnaşmaly däldigini ýerlikli we manyly sebäpler bilen mysal getirip, mejlise hem-de halka ýüzlendiler:
– Hakyky manysynda döwlet diňe halk tarapyndan döredilip boljak guramadyr. Eger döwletiň gurulmagyna halk gatnaşmaýan bolsa, halkyň goşandy ýok bolsa, ol eýýäm döwlet manysyny ýitirýändir we bir toparyň ýa-da bir maşgalanyň şahsy bähbitleri üçin döredilen bir gurluşa öwrülýändir. Bu şekildäki bir gurluşuň bolan ýurdunda halk gula öwrülýändir. Ýurt derejesinde galplyk we ýalan häkim bolýandyr we halk köpçiligi bu galplygyň we ýalanyň dowam etmesinde, ösmesinde ulanylýandyr.
Türkmenistan’da Konstutision gurluşyň ýoklugy geçirilýän saýlawdan hem belli bolýar. Halkyň gatnaşmagynda gurnalýan saylawyň galplygyny bütin halk bilýär. Emma, hökümede bagly döwletiň guruluşlarynda, edara-kärhanalarynda işleýän adamlar islegleri bolmazdan saýlawa barmana mejbur edilýär. Türkmenistan’da häkimýeti eýeläp oturan Gurbanguly Berdimuhamedow öz ornuny ýaşlara berýändigini, pygamber ýaşynyň dolandygyny bahanalaýar, emma pygamber ýaşyny dolduranyna 3 ýyl bolýar. “Näme üçin 3 ýyl öň däl-de häzir eýeläp oturan wezipesini duýdansyz taşlaýar?” Elbetde bu hem bir sorag alamaty. Konstitusiýa’ny aýak astyna alýar, öz islegi boýunça üýtgetmeler girizýär. “Meniň ähli aladam halkym bolar” diýen ýaly ýalan propogandalar bilen halky ynandyryp gelýär. Prezident watanynyň hemde halkyň milli gymmatlyklarynyň goraýjysy, konstitussiýanyň kepili bolmalydyr. Ýurdy uzakdan dolandyrýan gelmişekleriň hyzmatkäri yagny “ýumuş oglany” bolmaly däldir, kiçijek bähbidi üçin öz mertebesini we ýurduny satmaly däldir.
Prezidentlik saýlawyna gatnaşdyrylýan kandidatlaryň hiç biriniň ýurdy ösdürmäge ukyply däldigi, hiç biriniň saýlawa halkyň tarapyndan bellenip ugradylmadygy açyk-aýdyň görünýär. Geljek nesiliň ykbalyny bu saýlawa getirlen kandidatlar ynanyp bolmajagy hem açyk-aýdyň görünýär. Saýlawyň galplygy bütin halk tarapyndan bilinýändigi, hat-da mekdep ýaşyndaky nesliň hem oýnalýan oýunuň parhyndadygy hemmä mälim. Bu galplyga hökman garşylyk bildirmeli we boýkot edilmeli. Saýlawa gatnaşmak edilip durlan jenaýata şäriklik etmek, “halkyň öz aýagyna palta urmasy” diýlip hasap edilmeli. 30 ýyldan bäri özüni aldadyp gelýän halk bu ýalanyň dowam etmezligi üçin herekede geçmeli.
Gurujy Mejlis agzalary HSM ekranlary arkaly öz pikir-düşünjelerini beýan etmek bilen birlikde tekliplerini we maslahatlaryny halk köpçüligine ýetirdiler.
- Halk öz üstünde oýnalýan oýunuň parhyna barmaly,
- Dogry karar almaly , hakykat bilen ýalanyň arasyny açmaly,
- Galp saýlawy boýkot etmeli,
- Halka görelde bolmaly aýdyň gatlak öz üstüne düşýän wezipäni berjaý etmeli.
- Eger halkyň islegi galp saýlawa gatnaşmak bolsa ol islegleri hem öz kararlary bolup durýar,
- Halkyň ýalany goldamana hem erk-ygtyýarlygy bar.
Mejlis agzalary başga-da birnäçe teklip we maslahatlary aýtmak bilen Gurujy Mejlisiň 1’nji oturymynda ara alynan “Türkmenistan’da saýlawyň hiç hili ýagdaýda geçirilip bolmajakdygynyň düýp sebäpleri” baradaky meselä seretmek işini mejlisiň 2-nji oturymynda tamamlady.
12’nji Mart 2022’nji ýylda geçirilmekçi bolýan prezidentlik saýlawynyň galplygy sebäpli, halka “bu galp saýlawy boýkot etmegi maslahat berilmeli” diýlen karar boýunça, hem-de halk islese “galp saýlawa gatnaşmana hem haky bar” diýlen kara boýunça mejlis agzalary ses berilşik geçirdi. Gurujy Mejlis 2’nji oturymyny mejlis agzasy Sapar Yklym’yň goşmaça eden belligi bilen tamamlady: “Netijesi öňünden belli bolan bu galp saýlawy goldamak we gatnaşmak gulçulygy kabul etmekdir. Gürrüňi edilen saýlaw meselesinde halk gulçylykdan çykmak isleýärmi ýa-da gulçylyga dowam etmek isleýärmi?
Taryhy: 9.03.2022