Search
Close this search box.

Gurujy Mejlis işe girýär | Gurujy Mejlis’iň 1’nji ýygnanşygy

MHEK tarapyndan döredilen Täze Türkmenistan’yň Gurujy Mejlisi ilkinji ýygnanşygyny, Gurujy Mejis agzasy Halmyrat Söýünow’yň mejlis agzalaryna we halka ýüzlenme çykyşy bilen öz işine başlady.

Gurujy Mejlisiň 1’nji ýygnanşygynyň meseleleri:

     

      •    Kanuny esassyz häkimýet başyna gelen, 2007-2022 ýyllary aralygynda Türkmenistan’yň prezidenti wezipesini eýelän Gurbanguly Berdimuhamedow’yň, eýeläp oturan prezidentlik wezipesinden bellenilen wagtyny doldurman gidýändigini duýdansyz halk köpçiligine yglan etmesi;

      •   Türkmenistan’da prezidentlik we ýokary döwlet wezipelerine saýlamak boyunça amala aşyrylmaly saýlawlaryň geçirilip bolmajakdygynyň düýp sebäpleri we esaslary;

         Gurujy Mejlisiň orta goýan meseleleri boýuça mejlis agzalary pikirlerini we tekliplerini beýan etdiler. Türkmenistan’yň Konstitusion esaslaryny bozup häkimýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow’yň hiç bir kada-düzgüne gabat gelmeýän işleri, prezidentlik wezipesine gelmek we gitmek baradaky kanunçylykdan ugur alynmaýanlygy, şol döwürdäki hereket edýän mejlisiň barlygyny we ähmiýetini depeläp öz bähbidine hereket etmegi baradaky meseleler Gurujy Mejlisiň esasy temasy boldy. Mejlis agzalarynyň bellikleriniň esasynda bolsa Türkmenistan’da Konstitusion gurluşyň hereket etmeýändigi ýa-da ýoklugy sebäpli, Gurujy Mejlis 1992’nji ýyldan bäri Türkmenistan’yň Konstitusýasyna girizlen üýtgeşmeleriň we alynan kararlaryň , geçirlen saýlawlaryň hiçbir kanuny güýjüniň  yoklugyny yglan etdi. Mejlis agzalarynyň ses bermegi arkaly kabul edildi we Gurujy Mejlisiň 1’nji ýygnanşygynyň 1’nji meselesi boýunça Türkmenistan’yň prezidenti wezipesini eýeläp oturan Gurbanguly Berdimuhamedow’yň prezidentlik wezipesine gelmeginiň hem-de wezipesinden gitmeginiň kanuny güýjüniň ýoklygy karary alyndy we ses berilşik esasynda karar tassyklandy.

    Mejlis ýygnanşygynyň dowamynda orta otylan ýene bir mesele Gurbanguly Berdimuhamedow’yň eýelän wezipesinden gitmegi bilen prezidentlik dolandyrşy diýlen bir guramanyň bolmajaklygy sebäpli, 13’nji Mart, 2022 taryhyndan başlap, Adatdan Daşary Ýagdaý diýip hasap edilmegine karar berildi we ses berişlik bilen tassyklandy.

    Şeýlelikde bu karalar, MHEK döreden Gurujy Mejlisiniň 1’nji ýygnanşygynyň 1-nji bölüminde alynan ilkinji kararlar hökümünde bellige geçdi.

    Gurujy Mejlisiň 1’nji ýygnanşygynda goýan 2’nji meselesi Türkmenistan’da saýlawyň hiç hili ýagdaýda geçirilip bolmajakdygynyň düýp sebäpleri esasy 4 madda görnüşinde öňe çykdy.

       

        • “1991’nji ýyldan bäri ilat ýazuwynyň geçirilmedigi sebäpli”

        • “Türkmenistan’da Ýokary Saýlaw Guramasy barada talaba laýyk kanunyň we normatiw aktlaryň ýoklugy sebäpli”

        • “Halkyň saýlama we saýlanma hukugynyň kepiliniň ýoklugy sebäpli”

        • “Türkmenistan’da syýasy partiýalar barada talaba laýyk açyk-aýdyň kanunyň ýoklugy sebäpli”

      Mejlis agzalary 2’nji meseläniň degişli 4 maddasy boýunça aýratynlykda pikirlerini we tekliplerini aýtdylar.

      Türkmenistan’da hakyky manyda ilat ýazuwy soňky gezek 1991’nji ýylda geçirilýär. 2012’nji ýylda geçirlen ilat ýazuwynyň netijesi bolsa halk köpçüligine aýdylmaýar. Saýlawyň geçirlip bolmajakdygynyň esasy sebäpleriniň biri bolsa , ýurtda ilat sanynyň näbelli bolmagydyr. Türkmenistan’da döwlet statistikasynyň ýoklugy hem açyk-aýandyr. Döwlet statistikasy işlemeýän ýurtda ilat sanynyň hem-de beýleki halk köpçüligine degişli maglumatlaryň bilinmeýändigi hemmä mälimdir. Bu ýagdaý Türkmenistan’da saýlawyň geçirlip bolmajakdygynyň iň aýdyň subutnamasydyr. Gurujy Mejlis agzalarynyň pikirleri we bellikleri esasynda orta atylan bu sebäplere goşmaça ýene bir edilen bellik, 12’nji Mart 2022 senesinde geçiriljek galp saýlawyň öňünden kimiň saýlanjagy belli hem bolsa, halk köpçüliginiň ýasama saýlawy kabul edilýändigi, öz hak-hukuklaryny meýletin depeledýändigi anyk fakt bolup durýar. Esasan hem resmi gurama we edara işgärleriniň, öz isleg we düşünjeleriniň tapawutly bolmagyna garamazdan kiçijek şahsy bähbitleri üçin tabynlyk bilen meýletinlikde saýlaw guramaçylygyna gatnaşmaklary mejlis agzalary tarapyndan ýazgarmak bilen aýdyldy.

      Türkmenistan’da garaşsyz Ýokary Saýlaw Guramasynyň ýoklygy saýlawyň geçirlip bolmajakdygynyň esasy sebäplerinden biridir. Gurujy Mejlis agzalary Türkmenistan’da ÝSG’niň düýp gurluşynyň bolmandygy sebäpli, konstitusion güýjüniň we ukybynyň ýoklugyny bellediler. Galp we ýasama gurluşdan ybarat bolan saýlaw guramasy öz etmeli işini etmeýändigi , netijesi öňünden belli bolan saýlawyň guramaçylygyny alyp barýandygy,  häzirki teror hökümediň bähbitleri esasynda hereket edýändigi mejlis agzalarynyň belliklerinde aýdylyp geçildi.

      Mejlis agzalary Türkmenistan’da halkyň saýlama we saýlanma hukugynyň ýoklugy baradaky ýerlikli pikir-düşünjerini paýlaşdylar:

      Saýlama we saýlanma hukugynyň goragy bolan aç-açanlyk örän möhümdir. Saýlaýanyň hem-de saýlanýanyň öz hukugyny gorap bilmesi üçin, saýlawyň netijelerini subut edip bilmesi üçin we saýlawa degişli arza-şikaýatlaryny ýetirip bilmesi üçin gerekli gurama bolmalydyr. Häzirki günümizdäki saýlawlar sowetlerden galan däp-düzgün bolup, diňe gözboýagçylyk üçin ulanylyp gelýär. Saýlanmana teklip edilýän kandidatlar diňe teror hökümet tarapyndan bellenýär. Halkyň öz kandidatlaryny saýlawa çykarmagyna ýol berilmeýär. Diňe görkezilen adamlara ses bermäge borçly edilýär we halkyň göniden-göni öz erk-ygtyýary bilen gatnaşmagynyň öňi alynýar. Terror hökümet bu guramaçylygy Türkmenistan’yň içinde mekdep mugallymlarynyň üsti bilen, ýurduň daşynda bolsa konsulluklaryň hem-de ýokary okuw mekdeplerinde okaýan käbir okuwçylaryň üsti bilen amala aşyrýar. Galplyk prpogandasy halkyň bir böleginiň meýletin gatnaşmagynda ýerine ýetirilýär. Jenaýatçy toparyň gurnaýan galp saýlawyna nägilelik bildirýän ýurtdaşlaryň köplügi hem subutnamalar bilen tassyklanandyr. Ýurduň daşyndaky halkyň saýlawa gatnaşmagy üçin gerekli şertlere eýe däldigi bolsa, saýlama we saýlanma hukugynyň ýoklugynyň subutnamasy bolup durýar. Halk barada gerekli we degişli hiç-hili maglumat sistemasy ýa-da maglumat arhiwi bolmadyk ‘’hökümet’’ ilatdan maglumat talap etmek ýoly bilen öz işlerini ýerine ýetirjek bolýarlar. Bu ýagdaý Türkmenistanda ýurt dolandyryşlygy alyp barýan bir gurluşyň ýoklugynyň hem-de ýurtda saýlaw geçirlip bolmajakdygynyň açyk-aýdyň subutnamasy bolup durýar.

      Türkmenistan’da syýasy partiýalar barada açyk-aýdyň kanunyň ýoklugyny 12’nji Mart 2022 senesinde geçirilmekçi bolýan prezidentlik saýlawlarynyň alynyp barylşynda we guramaçylygynda hem görmek bolýar. Prezidentlige kandidatlaryň wekillik edýän partiýalary hakynda we saýlawa gatnaşmaly kandidatlar hakynda halkyň ýeterlik bilgisi ýok. Hat-da, prezidentlige kandidatlaryň arasynda ‘’Gurbanguly Berdimuhamedow’yň ogly Serdar Berdimuhamedow belli döwür aralyklarynda halka dürli bahanalar bilen tanadyldy’’ diýäýmesek galan kandidatlary, halk köpçüligi ilkinji gezek geçirlijek saýlawlar sebäpli ‘’hökümet’’ medýasy arkaly tanady diýsek ýalňyşmarys. Bu hem saýlawlaryň geçirlip bilinmejeginiň esasy sebäbi bolup durýar.

      Mejlis ýygnanşygynda aýdylan teklipler we kararlar:   

         

          • Türkmenistan’da saýlawyň geçirilip bolmajagyny karar almak we galplygyny, ýalandygyny yglan etmek.

          • Türkmenistan’da saýlawlaryň geçirilip bilmesi üçin talaba laýyk kanunlaryň we normatiw aktlaryň bolmalydygy.

          • Ýurtdaşlaryň saýlawa gatnaşmaly däldigini halka beýan etmek barada mejlis ýygnanşygyna teklip etmek

          • Ýurtdaşlaryň erk-ygtyýaryna göniden-göni täsir etmäne hiç-bir gurluşyň we toparyň hukugynyň yoklugy.

          • Türkmenistan’yň taryhynda geçirlen saýlawlaryň netijesine garalyp halkyň ýalňyş kararlar almazlygy üçin gerekli we dogry hasap edilýän düşünje-pikirleri halk köpçiligine ýetirmek.

          • Gurujy Mejlise ýüz tutýan köp sanly ýurtdaşlaryň ‘’Näme etsek gowy bolar’’ diýen soraglaryna jogap bermek.

        Mejlis agzalarynyň beýan eden dürli pikirleri we teklipleri esasynda orta çykan pikir dürliligi çekeleşikli dowam etdi. Şeýlelikde Gurujy Mejlisiň 1’nji ýygnanşygynyň 2’nji meselesi boýunça karar almak we ses berişlik indiki ýygnanşyga goýuldy.

        Taryhy: 03.03.2022

        Scroll to Top