Search
Close this search box.

Adatdan Daşary Ýagdaý #1

Gurujy Mejlisiň gün tertibinde: Adatdan Daşary Ýagdaýyň (ADÝ) girizilmegi barada kararyň kabul edilmegi.

GM’iň 3’nji oturumynda ADÝ’nyň döreme sebäpleri we düzgünleri barada düşündiriş geçirildi. GM bu gezekki oturulyşynda ADÝ’a laýyk at berilmegi meselesinde mejlis agzalary düşünjelerini aýdyp geçdiler we ol düşünjeler şulardan ybarat:

  • “Täze Türkmenistan’a geçiş döwründe, adatdan daşary ýagdaý atlandyrmasy umumy at bolany üçin şol döwüre ýörite adyň berilmegi”.
  • “Türkmen halkyna genosidi ýaşadyp gelýän GJT’yň agzalarynyň şol döüwürde kanuny ýagdaýda sud edilmegi”.
  • “Şol döwürde ýurduň Konstitusion guruluşyny dikeltmek (ýa-da gurnamak)”.

Täze Türkmenistan’a geçiş döwründäki herekete laýyk at goýulmagyny mejlis agzalary makul gördüler we şeýle teklipler hödürlediler:

      • “Geçiş döwrüniň dolandyryş kanuny”

      • “Wagtlaýynça düzediş ýagdaýy”

      • “Geçiji kanun”

      • “Geçiş döwrüniň berk dolandyrylşy”

    Mejlis azgalarynyň edilen tekliplerden makul göreni:
    “Geçiş Döwrüniň Berk Dolandyrylşy” ady mejlis agzalary tarapyndan makul görüldi we ses berişlige gidildi. 

    GM’e jemi gatnaşan 30 agzadan:
    Goldan 28;
    Saklanan 2;
    Garşy çykan 0.

    Netijede laýyk at kabul etme karary alyndy.
    Geçiş döwrüne seretjek komitet döredilmegi teklip edildi we bu meselede MHEK jogapkär hökmünde bellendi.
    Mejlis bu oturumy tamamlady.

    Taryhy: 23.02.2022

    Scroll to Top