GM’niň geçenki oturumynda: Täze Türkmenistan’a Geçiş döwründe GTT’niň ýa-da şoňa ýaranjaňlyk edýän şahslaryň, ondan başkada özbaşdak şahslaryň, guramalaryň we toparlaryň dürli hilli sabotaj maksatly alyp barjak işleriniň çäresine seredilmegi babatda Gurujy Mejlisde kanun kabul edilmegi teklibi.
GM’niň bu gezekgi oturumynda: Geçenki diňlenşiginiň dowamy.
Mejlisiň ilkinji minutlarynda şu soraga jogap gözlenildi, “Täze Türkmenistan’a geçiş döwri haýsy wagt aralygyna degişli?”
Bu soraga şeýle jogap berildi:
– “MHEK’niň gurulan gününden tä ýurtda Konstitusion hukugyň dikeldilen günine çenli döwre – Geçiş döwri diýilýär”
Oturulşyň dowamynda orta goýulan asyl meselä gaýdylyp gelindi we şol mesele boýunça mejlis agzalaryň pikirleri diňlenildi:
“Galp maglumat propagandasyny düşünip ýa-da düşünmän ýaýradýan kişi jogapgärçilikden boşadylanok”
“Galp maglumatlar bilen halkyň ünsüni hakykatlardan uzaklaşdyrýalar”
“GTT’ä hyzmat etmeklik bilen, hakykatlary ýoýan adamlaryň şu häsiýetleri nesil yzarlaýar”
– diýip, mejlis agzasy Ogulnur Çaryýewa belläp geçdi.
5 minutlyk arakesmeden soň, Täze Türkmenistan’a geçiş döwründe hakykatlary ýoýan, hakykatlaryň ýerini ýalan bilen bilkastlaýyn çalyşan we hakykaty kiçi düşüren her bir şahs barada ýörite kanunyň döredilmegi teklibine mejlis agzalary ses berişlige gitdiler.
Gatnaşan 24 agzadan:
garşy çykan: 0,
saklanan: 1,
goldaýan: 21,
şunluk bilen kanun kabul edildi.
Mejlis agzalary, şu kanuny bozýan häsiýetler we şahsyýetler barada öz düşünjelerini aýtdylar:
“Halk köpçiliginiň öňüne çykýan mugallymlar we din adamlary”
“Sosial mediada halk bilen bag gurýan Ýagşy Goşunow, Döwletjan Ýagşymyradow ýaly adamlar uly depginde ýalany propaganda edýärler”
“Halk içinde gürrüňleri we hereketleri bilen ahlaksyzlygy görelde edýän sözde anekdotçylar we şoumenler”
“Hukuk goraýjylardan: Polisiýa, prokuratura, aklawjylar, ýokary okuwlaryň mugallymlary”
Şu kabul edilen düzgüne degişli jeza işi diňlenişigi mejlisiň indiki oturumynda ara alynmagy teklip edildi.
Taryhy: 21.10.2022