GM’niň gün tertibinde: Türkmenistan’daky Anarhizm. Merkezi dolandyryşyň Raşizm’iň täsirine geçmegi sebäpli emele gelen Anarhizmden (Hukuk we Kanun ýoklugy) halkyň goranmagy üçin çözgütleriň döredilmegi.
Bu mesele hakynda M.agzalary öz düşünjelerini aýtdylar:
–“Türkmenistan’daky eden-etdilik aýraportdan başlaýar. Halkyň ýüki rentgenden geçmegine garamazdan,orta dökülip dörülýär. Bu hereket aýraport polisiýasy we migrasiýa gullugynyň işgärleriniň gözegçiliginde geçirilýär”.
M.agzasy Miwegül öz başyndan geçiren wakasyny şeýle gürrüň berdi:
–“2008’nji ýylda täze ýyl baýramçylygyna 4-5 gün galanda biz joralar bolup Özbegystana gury iýimiş önümleriniň söwdasyna gitdik, ýöne Türkmenistan’yň migrasiýa gullugy biziň ýanymyzdaky pullary görensoň maňa töhmet atyp meniň pullarymy elimden almaga synanyşdylar. Bu tohmetleri işe ýaramansoň meniň adyma ýurtdan çykmazlyk deportyny goýupdyrlar. Iki ýarym aý her dürli edaralara gatnamsoň Türkiýe çykyp bildim”.
–“Anarhizm sebäpli bank ulgamy hem işlemeýär”
– diýip Kakageldi Allanazarow aýtdy.
–“Anarhizm bolan ýurtda kanun işlemeýär, diňe “ýokardan gelen” buýruk boýunça hereket edilýär”
– diýip M. agzasy Söhbet aýtdy.
–“Türkmenistan’daky anarhizmiň başlanmagy S.Niýazow döwründen has-da möwjedi”
– diýip M.agzasy Halmyrat Söýunow aýtdy.
Bu mesele boýunça diňlenişigi Mejlisiň indiki oturumynda dowam etmeklik teklibinde Mejlisiň bu günki ýygnanşygy tamamlandy.
Taryh ýyly: 25.07.2023.