Search
Close this search box.

Anarhizmden Halkyň Goranmagy Üçin Çözgütleriň Döredilmegi #3

GM’niň geçenki oturumynda: Türkmenistan’daky Anarhizmiň sebäpleriniň 2’nji oturumy geçdi.

 GM’niň gün tertibi: Türkmenistan’da Anarhizmiň sebäpleriniň diňlenşiginiň 3’nji oturumy.

  Ýygnanşygyň başynda M.sözjisi Merdan Muhamedow Türkmenistan’daky Anarhizmden mysallar getirdi:
 Ýolda duran gaýileriň, halkdan pul almak üçin pogonlaryna çenli ýyrtyp bilýändiklerini; “MHM” edarasynyň işgärleriniň halk’a basgy edip öz bähbitlerine işlemeklerini isleýişleri, ýagny biznesmeniň gyzyny kakasynyň ýanynda ýalaňaçlap jynsy zorluk edip biljeklerini aýdyşlary; Hukugyň goralmagy; Hukuga abanýan howpa gaýtargy berilmegi hakynda; Migrasiýa gullugyň özine degişli bolmadyk işler bilen meşgul bolmagy.

Bu mesele hakynda M.agzalary öz pikirlerini aýtdylar:

-“Halk, ýurt içindäki eden-etdiligiň soňuna çykmaly. Öz hukuklaryny goramagy ögrenmeli”
-diýip M agzasy Ýeňiş aýtdy.

-“Ýazylan kanunlar diňe halkyň garşysyna işleýär, bu hem kanunyň ýoklugynyň subudy”
-diýip M. agzasy Söhbet aýtdy.

-“Türkmenistan’da din adamlarynyň üsti bilen zenanlaryň hukuklary bozulýar”
-diýip M. agzasy Bahar aýtdy.

-“Türkmenistan’da güýç ulanyjylar öz bähbitleri üçin işleýärler”
-diýip M.agzasy Leýla aýtdy.

 Bu meseläniň dowamyny GM’niň indiki ýygnaşygynda diňlenme teklip edilip bu günki M. oturumy tamamlandy.

     Taryh ýyly: 08.08.2023.

Scroll to Top