GM’niň geçenki oturumynda: Türkmenistan’da merkezi dolandyryşyň Raşizm’iň täsirine geçmegi sebäpli emele gelen Anarhizmden halkyň goranmagy üçin çözgütleriň döredilmegi meselesiniň diňlenmegi geçdi.
GM’niň gün tertibi: Gündemdäki meseläniň diňlenişiginiň dowamy.
Bu mesele hakynda M.agzalary öz pikirlerini aýtdylar:
–“Ýurt içinde ýöredilýän düzgün “Gün güýçliniňki, gapyrga dişliniňki”.”
M.agzasy Leýla öz başyndan geçiren wakasyny şeýle gürrüň berdi:
–“Meniň öýümden söwda-satyk edýän önümlerim ogurlandy we günäkärler tapylansoň birisiniň hossary polisiýa işgäri bolup çykdy. Maňa töhmet atmak islediler, emma garşylyk görensoňlar basyşy bes etdiler”.
–“Türkmenistan’daky Anarhizmiň bar bolmagy üçin ýurt içinde we ýurt daşyndaky halk üçin galp maglumaty ýaýratmak işini GTT’niň propogandaçylary alyp barýarlar”.
–“Halkyň derdini dile getirmezligi üçin Türkmenistan “hökümedi” dini propogandasyny dowam edip, halky şükür, sabyr etmänge çagyrýar”.
–“Anarhizmiň bar bolmagynyň sebäbi ýurt içinde döwlet gurluşynyň ýoklugy”
– diýip M.agzasy Sapar Yklym aýtdy.
Bu meseläniň dowamy indiki M. oturumyna geçirildi. Bu günki M.oturumy tamamlandy.
Taryh ýyly: 01.08.2023.