Search
Close this search box.

Täze Türkmenistan’da Tribunaly Döretmegiň Esasy Sebäpleri We Maddalary #5

G.M’iň geçen oturumynda: Täze Türkmenistan’da Tribunal döretmek- meselesiniň dowamy geçdi.

  M’iň gün tertibi: Täze Türkmenistan’da Tribunal döretmek meselesiniň jemleýji diňlenişigi.

   M’iň gecen oturumynda bu meselede bellenen maddalaryň bentlerine ýene-de 5 sany bent goşuldy. Bu bentler G.M’in agzalarynyň teklipleri bounça seredildi:

  •     u) Ýurtdaky ähli janlylara we tebigata garşy genosidiň edilmegi.
  •     v) Ýalan syýasatynyň ýöredilmegi.
  •     w) Maşgala institutynyň ýok edilmegi.
  •     x) Töhmet syýasatynyň ýöredilmegi.
  •     y) Halky, pagta ýaly zorlukly işlere iterilmegi.

  M’iň dowamynda M’iň  sözjüsi Merdan Muhamedow şu sorag bilen M. agzalaryna ýüzlendi:

“Täze Türkmenistan’da Tribunal geçirilmegi üçin şu ýokarky maddalar ýeterlikmi?”.

“Ýokarky bellenen maddalar Täze Türkmenistan’da Tribunalyň geçirilmegine ýeterli we ilkinji bolup migrasiýa gullugy sud edilmelidir”.

“Türkmenistan’da özüni hökümet hökmünde tanadýan topar ýerli halkyň hukugyny bozmagy Tribunal geçirmäge esasdyr”.

“Ýurt içinde sosial media we “döwlet” mediasy tarapyndan galp maglumat propogandasy işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Bu hereket üçin jogapkärler tribunalda sud edilmedirler”.

“Raşizm’e hyzmat etmeklik bilen öz ýurtdaşlaryna Genosidi ýaşadyp bilýän T.Topar tribunala çekilmelidir”.

“Geçen 4 ýygnanşykda sanalan maddalar Täze Türkmenistan’da Tribunal geçirilmegi üçin ýeterli sebäpmi?”– diýen sorag bounça M.agzalary ses berişlige gitdiler:

Gatnaşan agza: 25;
goldaýan agza: 24;
garşy çykan agza: 0;
saklanan : 0 agza bolup, karar kabul edildi.

M’iň bu günki oturumy tamamlandy.

  Taryh ýyly: 27.06.2023.

Scroll to Top