Search
Close this search box.

Täze Türkmenistan’da Tribunal Döretmegiň Esasy Sebäpleri We Maddalary #3

G.M’iň geçenki oturumynda: Täze Türkmenistan’da Tribunal döretmegiň esasy sebäpleri -meselesi diňlendi.

GM’niň gün tertibi: Täze Türkmenistan’da Tribunal döretmegiň esasy Sebäpleri we Maddalary meselesiniň dowamy.

  1. Ynsanlygyň garşysyna edilen jenaýatlar sebäpli: Genosidiň dürli görnüşlerini ulanyp Türkmenistan’yň halkyny ýok etmäge synanyşmak.
  2. Raşizm’e bilip ýa-da bilmän edilen hyzmatlar sebäpli öz ýurtdaşlaryny Raşizm’iň peýdasy üçin genosidiň dürli görnüşlerini ulanyp  Türkmenistan’yň halkyny ýok etmäge synanyşmak.

Şu ýokarky geçen ýazgylara M.sözjisi Merdan Muhamedow düşündiriş berdi:

 MHM’niň ýurtdaşynyň emlägini zor bilen almak (reket etmek); halkyň ýurt daşyna sürgün edilmegi, çak bilen 2,5 mln Türkmenistan’ly işsizlik, haksyzlyk, adalatsyzlyk sebäpli ýurt daşyna çykmagy;
– Bu herekediň hemmesiniň guramaçylykly alynyp barylmagy.

Bu mesele hakynda M.agzalary öz düşünjelerini aýtdylar:

-“Aşgabat şäheriniň ýurt möçberinde ýapyk saklanmagy we muňa sebäpkärler tribunal sudyna çekilmelidirler”.

“Türkmenistan’da Genosidiň barlygy, dörediljek tribunal ýuridiki subutnamasy boljakdyr”
-diýip M.agzasy Merdan Meredow aýtdy.

“Türkmenistan’da migrasiýa gullugy ýurtdaşlaryna basyş edýär, esas zenanlara hiç hukuk tanamaýar. Migrasiýa işgärleri tribunalda sud edilmelidir”
– diýip M.agzasy Umyda Bekjanowa aýtdy.

 -“Bilim we maglumat edinmegiň öňüne geçilýãr; nesil ýetişdirme sistemasynyň ýoklugy; halka, hukuk goraýjylaryň zulum etmegi; halkyň mertebesiniň depgilenmegi; bilkastlaýyn  watana bolan söýgisiniň ýok edilmegi, Türkmenistan’da tribunal geçirmegiň sebäplerinden”
– diýip M.agzasy Ýeňiş Çaryýew aýtdy.

“Türkmenistan’da, gurulmadyk döwletde kanun – halkyň garşysyna işleýär”
– diýip M.agzasy Sapar Yklym aýtdy.

Bu meseläniň diňlenişiginiň dowamyny GM’niň indiki oturumyna geçirilmek teklibinde bu günki Mejlis oturumy tamamlandy.

Taryh ýyly: 13.06.2023.

Scroll to Top