GM’niň gün tertibi: Türkmenistan’da Tribunal Döretmek.
Ýygnanşygyň başynda:
Mejlis sözjisi Merdan Muhamedow düşündiriş berdi.
Bu mesele hakynda M.agzalary öz pikirlerini aýtdylar:
–“Türkmenistan’yň maliýe serişdelerine jogapkärler hem tribunala çekilmelidirler”.
-“Sözde döwlet guramasy, MHM işgärleri tribunala çekilmeli”.
-“Halkyň zäherlenmegine sebäpkär bolýan derman satan adamlary hem tribunala çekmeli”
– diýip M.agzasy Umyda aýtdy.
-“Türkmenistan’da, Migrasiýa gullugynda işlän hemme işgärleri tribunalda sud edilmeli”
– diyip M.agzasy Sapar Yklym teklip etdi.
Ýygnanşygyň dowamynda M.sözjisi Merdan Muhamedow Türkmenistan’da geçiriljek tribunalyň sebäplerini ýatladyp geçdi:
–“Ynsanlyga garşy jenaýat; Genosid we Raşizm’e hyzmat”– diyip aýtdy.
-“Bank ulgamyna degişli bolan işgärler hem tribunalda sud edilmeli”.
-“Tribunalda sud ediljek adamlary synplandyrmak gerekli”
– diýip M.agzasy Muhammet teklip etdi.
-“Türkmenistan’da geçiriljek tribunal Owadan depedäki häzirki türmesinde geçirilse, ýurtdaşlarymyza garşy adalatly we simwoliki hereket bolar”
– diýip M.agzasy Ýeňiş teklip etdi.
Tribunal meselesiniň dowamyny GM’niň indiki oturumyna goýuldy.
Bu günki GM oturumy tamamlandy.
Taryh ýyly: 30.05.2023.