Search
Close this search box.

Raşizm’iň aparatlary | #8

GM’niň geçenki oturumynda: Raşizm we 6’njy bölüm (otdel) meselesi diňlendi.
GM’niň  gün tertibi: Raşizm’iň aparatlary.

Ýygnanşygyň başynda M. sözjüsi Merdan Muhamedow “aparat” sözüne şeýle düşündiriş berdi:
 “Raşizm’e hyzmat edýän araçy, ýagny, her bir “döwlet” edarasy Raşizm’iň aparatlarydyr”.

Bu mesele hakynda M.agzalary öz pikirlerini aýtdylar:
-“7/24 halkyň üstünde basyş edýän aparatlar Raşizm’iň aýaklary hökmünde tanatsak ýerlikli bolmaly, sebäbi, Raşizm’iň Türkmenistan’da aýakda galmagyny üpjün edýän bu aparatlardyr”
– diýip M.agzasy Muhammet aýtdy.

-“Myş-myş üsti bilen halka habar ýetirmek işi hem Raşizm’e hyzmat edýän aparatlaryň hyzmatynda”
-diýip M.agzasy Parahat aýtdy.

-“Ýene-de aparatlaryň halka ýetirýän uly zyýany, topragy hak eýesine bermezlik”
– diýip M.agzasy Sapar Yklym aýtdy.

-“Raşizm’iň aparatlarynyň birisi hem Türkmenistan’yň bilim pudagy — jahyl öndürme guralydyr”
– diýip M.agzasy Aýjemal aýtdy.

-“Lebap welaýaty’nyň salgyt edarasynda işleýän Atajan Döwranow(36-37 ýaş) iş ýöredýän watandaşlaryndan basyş edip pul alýandygyny habar berdiler. Şeýle ýollar bilen halkyň gurplaşmagynyň öňi alynýar”
– diýip M.sözjüsi Merdan Muhamedow aýtdy.

Bu meseläniň diñlenmeginiň dowamy GM’niň indiki sanyna goýuldy.
Bu günki M.oturumy tamamlandy.

Taryh ýyly: 18.04.2023.

Scroll to Top