GM’niň geçenki oturumynda Raşizm meselesiniň dowamy geçdi.
GM’niň gün tertibi: Raşizm’e hyzmat edýänlere ýakyndan syn.
M.agzasy Sapar Yklym bu mowzuk hakynda giňişleýin düşündiriş berdi:
– Türkmenistan’yň geçen ýyllaryndaky hukuk gurluşy; sistemasy; ýurduň ykdysady gurluşy; halkyň demografik bozulmagy; maşgala instituty; halka basyş edýän hukuk goraýjylar; polisiýanyň 6’njy bölüminiň Türkmenistan’a ýetiren ägirt uly zyýany.
Bu mesele hakynda M.agzalary öz pikirlerini aýtdylar:
-“Meni, iş ýerimde garawullap oturan milisiýanyň(polisiýa) 6’njy bölüminiň maýor çinli işgäridi”
– diýip M.agzasy Halmyrat Söýünow, 1992’nji ýylda Türkmenistan’da öz janyna kast edilenligini aýtdy.
M.agzalary şu pikirleri hem aýtdylar:
-“Polisiýanyň 6’njy bölümi, halka gorky sistemasyny ýaşatmak üçin döredilen gurluş”.
–“Polisiýanyň 6’njy bölümi Türkmenistan’daky iş dünýäsini hem kontrol edýärler, ýagny özlerine loýal adamlara önümçilik etmäge rugsat edýärler”.
-“Türkmenistan’yň betbagtçylyga düşmeginiň agramly bölegi polisiýanyň 6’njy bölüminiň işjeň çärelerinden gelýär”.
Bu mesele GM’niň indiki oturumynda diňlenmek teklibinde bu günki sanyny tamamlandy.
Taryh ýyly: 14.03.2023.