Search
Close this search box.

“Dekoloniýalaşma Tribunaly”nyň geçirilmegi karary we jemleýji ýygnanşyk #6

GM’niň geçenki sanynda: Tribunal we Lüstrasiýa döwürleri barada giňişleýin seljeriş geçdi.

 GM’niň gün tertibi: “Dekoloniýalaşma Tribunaly”nyň geçirilmegi karary we jemleýji 6’njy ýygnanşyk.

M.sözjisi Merdan Muhamedow GM’niň geçen sanynda seljeriş edilen Tribunal we lüstrasiýa obýektiwleri we sebäplerini gaýtalap geçdi.

M.’iň geçen sanyndaky teklipler hakynda hem aýtdy:
            -Tribunal sudynyň ady bilen baglanyşykly gelen tekliplere syn berip Dekoloniýalaşma Tribunaly ady öňe sürüldi. Dekoloniýalaşma Tribunaly’nyň işe goýulma prosesi komitet görnüşinde işe görkezilmelidir. Bu komiteti Gurujy Mejlis tassyklamalydyr. Dekoloniýalaşma Tribunaly’nyň baş kazysy Gurujy Mejlisiň tassyklamasyndan geçmelidir. Bu komitetiň agzalary Gurujy Mejlisiň resmi  web sahypasynda ýer aljak, online tabşyryk usulda dalaşgär bolup biljekler. Dekoloniýalaşma Tribunaly öz wezipesini ýerine ýetirensoň öz güýjini ýitirjekdir.

 Eýlem guramasynyň döredilmegi.

            Dekoloniýalaşma Tribunaly’nyň çykarjak kararlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin eýlem guramasy döredilmelidir. Eýlem guramasy hem öz gezeginde komitet görnüşinde amal etjekdir.
Ýene, “Geçiş döwri” tamamlanandan soň  bu komitet hem beýlekileri ýaly öz güýjini ýitirjekdir.

 Bu mesele hakynda M.agzalary öz pikirlerini aýtdylar:

M.agzasy Ýeňiş Çaryýew şeýle sorag bilen ýüzlendi:
-“Birnäçe ýyllaryň dowamynda belli wezipäni eýeläp we Tribunal döwründe wezipesinden boşan bolsa bular tribunaldan uzaklaşan bolarmy? Meselem: Raşit Meredow.”

  M.sözjisi Merdan Muhamedow şeýle jogap berdi:
“Belli-belli adamlar üçin adatdan daşary ýagdaý düzgüni bolmalydyr”.

“Tribunal sudunda, jenaýatçy özüni goramaga  mümkünçilik döredilmelidir”
– diýip M.agzasy Sapar Yklym aýtdy.

  M.agzasy Merdan Meredow şeýle sorag bilen ýüzlendi:
“Lüstrasiýanyň işleýiş düzgüni nähili ýagdaýda geçmelidir?”.

  M.sözjüsi Merdan Muhamedow şeýle jogap berdi:
” Ýurtda konstitusýon düzgün girizilensoň Lüstrasiýa geçiriljekdir. Lüstrasiýadan geçýän adam sud kararyny apilýasiýa bermek mümkünçiligi hem boljakdyr”.

M. dowamynda M. agzalary bu meseläniñ maddalary boýunça ses berişlige gitdiler:

 Gatnaşan jemi agza-27;
 Goldaýan agza-24;
 Garşy çykan-0;
 Saklanan agza-0 bolup, karar kabul edildi.

  Bu günki GM’niň sany tamamlandy.

Taryh ýyly: 05.03.2024

Scroll to Top