GM’niň geçenki oturumynda: Raşizm’iň Türkmenistn’a beren zyýanlary barada diňlenişik geçdi.
GM’niň gün tertibi: Raşizm, Türkmenistan’yň düýn we şu gün betbagtçylyga düşmegindäki esasy oýunçy diňlenşiginiň dowamy.
Mejlisiň başynda Raşizm’iň häsiýetleri barada düşündiriş berildi: Raşizm sözüniň Ukraina’da ulanyşa girmegi; içinde imperializm we faşizm düşünjeleriň bolmagy; “Ruskiý mir” düşünjesinde gol astyndaky milletleri ýok etme häsiýeti; Türkmenistan’yň içki guruluşyndaky aýylganç täsiri hakynda sözler edildi.
Mejlis agzalary bu mesele hakynda öz pikirlerini aýtdylar:
- “Türkmenistan’a ilki Ak Patyşa, soň Gyzyl Goşun hökmünde gelen Raşizm, ýurdumyzyň aýdyň gatlagyny ýok edip geldiler”
- “Soňky 30 ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzda sessiz genosidiň dowam etmeginde Raşizm’iň gönüden-göni täsiri bar” – diýip, mejlis agzasy Fatma belläp geçdi.
- “Russiya ýa-da Raşizm özüniň halkara we döwletara gol çekişen şertnamalaryny ýerine ýetirmeýänligini subut edip gelýär. Muňa mysal: 1994 ýylyň 5’nji Dekabryn’da ABŞ, Britaniýa, Ukraina we Russiýa aralarynda Ukraina’nyň goragy barada Budapeşt’de gol çekdiler. Russiýan’yň bu Budapeşt memorandumany bozup, goramagyň deregine özi Ukraina çozuş etdi” – diýip, mejlis agzasy Şöhrat aýtdy.
- “Raşizm, öz barlygyny üpjün etmek üçin golastyndaky halklary mankurtlaşdyrmak syýasatyny alyp barýar”
- “Raşizm, basyp alan ýurtlarynda milletparazlyk çärelerini hem işjeň ýagdaýda alyp barýar” – diýip, mejlis agzasy Umyda belläp geçdi.
- “Ýerli halky neşekeşlige urukdyrmak hem Raşizm’iň häsiýetinden”
Bu meseläniň diňlenmegini mejlisiň indiki oturumynda dowam etmegi teklip edilip, GM’niň bu oturumy tamamlandy.
Taryhy: 31.01.2023