GM’niň gün tertibi: Raşizm ― Türkmenistan’yň düýn we şu gün betbagtçylyga düşmegindäki esasy oýunçy.
Mejlisiň başynda Raşizm barada giňişleýin düşündiriş berildi, ýagny Raşizm’iň döreýşi, guruluşy we dünýä ýetirýän zyýany. Ylaýta-da Türkmenistan’a we Orta Aziýa’a ýetiren zyýanly täsiri.
Bu mesele hakynda mejlis agzalaryň düşünjeleri diňlendi:
- “Raşizm, Kawkaz’da eden gyrgynçylyklary taryhy ýazgytlarda geçýär. Ylaýta-da, Çerkez milletine edilen gyrgynçylyk bir halky ýurtlaryny terk etmeklige eltdi”
- “Raşizm, şu wagtgy Türkmenistan’daky halkyň aýdyň we milliýetçi gatlagyny ýok edip geldi”
- “Ukraina’da Golodomor, Orta Aziýa ýurtlarynda emeli açlyk ýyllaryny hem Raşizm emeli ýagdaýda döretdi”
- “Raşizm’iň Türkmenistan’da 300’den gowrak taryhy binalary hem ýok etdi”
- “Raşizm’iň tebigata ýetiren zyýanlaryndan: Aral deňziniň guradylmagy we Ak patyşa döwründe Türkmen arçalarynyň düýpgöter kesilip, öz flotunda ulanmagy”
- “Dünýäde, Raşizm gibrit uruş hem alyp barýar”
Mejlis agzalarynyň düşünjeleri diňlenensoň bu meseläniň diňlenmeginiň dowamyny mejlisiň indiki oturumuna goýulmagy teklibi esasynda GM’niň bu oturulşy tamamlandy.
Taryhy: 24.01.2023