GM’niň gün tertibinde geçenki mejlis oturumyndaky meseläniň dowamy: Raýat sözüniň we raýatlyk düşünjesiniň Türkmenistan watandaşlarynyň ady hökmünde ulanylmagynyň gadagan edilmegi sebäpli Türkmenistan watandaşlaryna-watandaşlyk statusynyñ manysyny ýatlatjak dogry manydaky sözi ulanyşa girizmek teklibi.
“Raýatlyk” statusynyň ýatyrylyp, onuň ýerine ynsan hukuklary we demokratik düzgüni bar etjek manydaky sözleri Türkmen halkynyň statusy hökmünde girizmek boýunça şu sözler teklip edildi:
- Watandaşlyk
- Ýurtdaşlyk
- Ildeşlik
Bu teklipler barada mejlis agzalaryň düşünjeleri diňlendi:
- “Ýurtdaş sözüniň adaty söz bolmakdan daşary, ýurt eýeligi-ýurt jogapgärçiligi manysyny hem içinde jemleýär”
- “Türkmenistan’da halka “ýurtdaş” sözüniň ulanylmagy, olara ynsanlyk statusyny bermeklik işiniň birinji ädimlerindendir. Raýtlyk (goýun sürüsi äsgermezligi) düşünjesinden uzaklaşyp, adamyň kişiligini we şahsyýetini dikeldýär”
- “Ýurt sözüniň köki Türki sözi bolup we belli topraklary ýurt edinmegi aňladýar. Şol sebäpden, Ýurtdaş sözi makul bolýar” – diýip, mejlis agzasy Jennet öz pikirini aýtdy.
Mejlisiň soňunda “ýurtdaş” sözüni Türkmenistan’yň Kostitusion çäginde ýurtda degişli bolan adamlaryň statusy hökmünde ulanyşa girizmek üçin mejlis agzalary ses berişlige gitdiler.
Jemi gatnaşan 24 agzadan:
Goldan agza 22;
Saklanan 0;
Garşy çykan 0, bolmak bilen karar kabul edildi.
Taryhy: 30.12.2022