Search
Close this search box.

Geçiş döwründe hakykatyň ýoýylmagynyň garşysyna kanunyň döredilmegi #3

GM’niň bu gezekki oturumynda mejlisiň geçenki oturumynda diňlenen meseläniň dowamy: Täze Türkmenistan’a geçiş döwründe hakykaty ýoýan her bir şahs ýa-da guramalar üçin kanun kabul edilmegi.

Bu kanun bozulanda, jezasynyň görnüşi we möçberi hakynda mejlis agzalaryň pikirleri diňlendi:

  • “Hakykaty ýoýanlaryň üstlerine jenaýat iş gozgap, mal barlyklaryny ýurduň hazynasyna geçirmek”
  • “1991’nji ýyldan başlap hakykatlary ýoýanlaryň hemmesine ýokary jeza berilmegi”
  • “GTT’niň galp maglumatlaryny bilkastlaýyn propaganda edýänleriň çagalaryna hem çäre görülmelidir”
  • “GTT’niň bähbidine prowokasiýa hereketlerini ýerine ýetirýänleriň hem ýokary jeza görmegi hökmanydyr”
  • “Ýurduň býütjetinden aýlyk haklaryny alyp, iş wezipesini ýerine ýetirmeýänler (wezipelerini hakykaty ýoýmakda ulanýanlar), bulardan: mugallymlar, ilçihana işgärleri, Türkmen Howa Ýollary işgärleri, žurnalistler, TV-Radio işgärleri ýaly hakykaty gizleýän we ýoýýan guramalaryň işgärlerine jeza berilmelidir”
  • “Bu kanun esasynda iş gozgalanlara sürgün çäresi görülmeli. Mysal üçin Akbäbek Taganowa, ýurdy sömürýär hem-de galp maglumatlary halkyň arasynda ýaýradýar”
  • “Saglyk ministrligiň işgärleriniň hem maglumatlary ýoýmalary we gizlemeleri jezasyz galmaly däldir”

Diňlenen pikirler we teklipleriň esasynda: “Jenaýat edenler jenaýatynyň möçberine görä jeza almalydygy teklibi bilen netijä gelindi. Jezany kesgitlejegiň ýene Kazyýetdigi hem ýatlanyp geçildi”.

GM bu oturumy tamamlandy.

Taryhy: 28.10.2022

Scroll to Top