Search
Close this search box.

Geçiş döwründe hakykatyň ýoýylmagynyň garşysyna kanunyň döredilmegi #1

GM’niň geçenki oturumynda: Gara pul işleminiň Türkmenistan’a we ýurtdaşlaryna uly howpy bar bolmagy meselesini Täze Türkmenistan’da gozgamak we günäkärleri anyklamak hakynda ses berişligiň netijesinde karar alyndy.

GM’niň bu gezekgi oturumynda: Täze Türkmenistan’a geçiş döwründe hakykatlary ýoýan, hakykatlaryň ýerini ýalan bilen bilkastlaýyn çalyşan we hakykatlary kiçi düşüren her bir şahs barada ýörite kanun döredilmegi.

Şu kanunyň döredilmeginiň sebäbi:
“Türkmenistan’da adalatsyzlyk, işsizlik, zulum bar” – diyip, ýurduň kemçiligi, ýetmezçiligi halk köpçiligine ýetirilende, bu hakykatlaryň garşysyna her dürli ýollar we adamlaryň üsti bilen galp maglumatlary aýtmaklary sebäpli hakykatlary ýoýmak işini alyp barýan şahslaryň we guramalaryň çäresine seredilmek esas bolup durýar.

Bu mesele boýunça mejlis agzalaryň pikirleri diňlenildi:

  • “Türkmenistan 30 ýyldan gowrak wagt bäri ýalanyň içinde ýaşap gelýär bu ýalany gorky sistemasy bilen berkidýärler. Ýurdumyzy, jemgiýetimizi düzetmek üçin bu ýalandan gutulmagymyz gereklidir”
  • “Halkymyzyň hem bu kanunyň döredilmeginde işjeň gatnaşmagy gereklidir”

Şu ýokarky mesele boýunça diňlenişigiň GM’niň indiki oturumynda dowam etmekligi teklibinden soň, mejlis bu günki ýygnanşygyny tamamlady.

Taryhy: 14.10.2022

Scroll to Top