GM’niň bu oturumynda: Türkmenistan watandaşlarynyň daşary ýurtlarda işläp gazanan pullaryny ýörite gurnalan bellik-daşy ugratma ýollary arkaly hem Türkmenistan’yň ykdysadyýetine zyýan beriji, hem-de ýurdumyzyň adyny ulanyp kanun-daşy pullary döredip, Türkmen halkynyň we şol bir sanda halkara arenada ýurduň abraýyny, ynamyny dikeldilmez derejä düşürip biljekdigi howpy sebäpli işiň gozgalmagy.
Şu ýokarda geçen sözleri subut edip, şu gara pullaryň içinde işläp ýören ýurtdaşymyz – Halkyň Sesi Media kanalynda çykyş edip, şu gurnalan sistemanyň işleýşini gürrüň berdi.
Şu mesele bounça mejlis agzalary öz düşünjelerini aýtdylar:
- “Maliýe dünýäsinde gara pul işi ýurduň ykdysadyýetine we halkara gatnaşyklaryna uly zyýan bermekdedir.
- “Orta Aziýa Post Sowet yurtlaryň içinde Türkmenistan’da bank sistemasy işlemeýändigi faktlar üsti bilen belli bolýar”
- “Gara pul işleminiň arkasynda halkara jenaýat we terror toparlary bardyr”
- “Türkmenistan ýurtdaşlaryny bu işiň içine ýörite çekýärler”
- “Gara pul işleminiň Türkmenistan’yň ýurtdaşlaryna uly howpy bar we howply bolmaga dowam edýär”
Bu meseläni Täze Türkmenistan’da täzeden gozgap we günäkärleri anyklamak hakynda ses berişlige gidildi.
Jemi gatnaşan 28 agza,
goldan agza: 17,
garşy çykan agza: 0,
saklanan agza: 11,
şeýlelik bilen karar kabul edildi.
Ses berişlikden soñ mejlisiň bu oturumy tamamlandy.
Taryhy: 29.07.2022