Search
Close this search box.

Jenaýatçylary we jenaýatlary synplandyrmak

GM’niň geçenki oturumynda: GTT’niň hem-de onuň gullukçylarynyň synplandyrylmagy hakyndaky mesele diňlendi.

GM’niň gün tertibi: GTT’niň synplandyrmasyny açyk-aýdyň düzgüne getirmek

Bu mesele hakynda mejlis agzalaryň düşünjeleri diňlendi:

1992’nji ýylda, Parlament deputatlary we Ýazyjylar bileleşigi, şu iki guramanyň agzalary hem 1 synp hökmünde görülmelidir”
– diýip, mejlis agzasy Halmyrat Söýünow teklip etdi.

“Ýurda we halka bähbitli hakykatlary halka ýetirýän adamlara garşy töhmet işini ýerine ýetirýän şahslar synplandyrma goşulmalydyr.”
 Meselem, Ak Welsapar hökmünde tanalýan şahsyň töhmet çärelerini geçirýändigini ýatladan Halmyrat Söýünow, subut edilen delilleri ýene bir gezek nygtap geçdi. Şeýle töhmet çäresi bilen meşgul bolýan şahslaryň ýokary synplandyrma goşulmagynyň gerekdigini nygtap, teklip etdi.

Ýurt daşynda, Türkmenistan’yň wekilçiligini edýän Konsullygyň işgärleri ýokary synplandyrma goşulmalydyrlar, ýurtdaşlarynyň öňünde borçlaryny ýerine ýetirmeýärler”
– diýip, mejlis agzasy Umyda Bekçanowa teklip etdi.

Mejlis agzasy Aýdyň tarapyndan şeýle teklipler edildi:

      • “Ahlak taýdan edilen jenaýatlary hem dykgata alyp, synplandyrmanyň içine goşmalydyr”
      • “Jenaýatlaryň synplandyrmasyna nol madda girizilip, iň agyr çäre görülmeli derejäni aňlatmalydyr”
      • “Sözde, Türkmenistan’daky häkimiýeti tankytlamak işini edýän, aslynda halkyň birleşme hereketiniň öňüni almak boýunça iş ýöredýän adyny žurnalist, oppozisiya, aktiwist diýip tanadýan şahslary hem kategoriýalara goşmalydyr”
      • “Ýurdy talap, ýurt daşyna çykan jenaýatçylary we çagalaryny hem kategoriýalara aýyrmak”
      • “Jemgyýet arasynda tanalmaýan jenaýatçylary hem kategoriýalara goşmaklyk”

    Şeylelikde, mowzugyň dowamy boýunça ara alynan düşünjeler jenaýatlary ýerine ýetiryän guramalar we şahslar (hukuk goraýjylar, kanun çykaryjylar), GTT’niň ýalan propagandasyny ýöredýänler, ýalandan GTT’niň garşysyna göreşýänler we ýene şuňa meňzeşleri kategoriýalara aýyryp, eden jenaýatlarynyň derejesine görä synplandyrmak dogry görüldi.

    Taryhy: 03.06.2022

    Scroll to Top