Search
Close this search box.

Tussag hanalaryň boşadylmagy karary

Mejlisiň geçenki oturumynda: GTT’niň çykaran hukuk-daşy kanunlary we alan kararlarynyň hökümsizligi hakynda mejlis agzalaryň pikir diňleşigi netijesinde ses berişlige gidilip, GTT’niň hukuk-daşy kanunlary we kararlary hökümsiz diýip karar kabul edildi.

GM‘niň  gün tertibi: Türkmenistan’da Konstitusion guruluşyň ýoklugy sebäpli tussaghanalaryň boşadylmagy.

Kanunyň ýok ýeri Türkmenistan’da tussaghanalar näme sebäpden bar?”
– diýlen sorag mejlisde mesele hökmünde hödürlendi.

Şu ýokarky mesele boýunça mejlis agzalaryň pikirleri diňlendi:

  • GTT’niň syýasatyna garşy gelýän: ýurduň aýdyňlary, hünärmenleri, erkin garaýyşly ýurtdaşlary ýok etmek üçin tussaghana ady astynda ýok edişlik işi geçirilýär”
  • “Tussaghanalar, GTT’niň goşmaça gazanç çeşmesi bolup işleýär”
  • “Tussaghanalar, gelin-gyzlaryň mertebesini aýak astyna almak üçindir”

Mejlisiň dowamynda şeyle teklipler hem aýdyldy:

    • “Ilki bilen zenan tussaghanalaryň boşadylmagy wajypdyr”
    • “Tussaghanalardan boşadylan ýurdaşlaryň reabilitasiýa etmeklik we maddy-ruhy tarapdan öwezini doldurmaklyk”.

GM’niň tamamlanmasynda: Türkmenistan’da Konstitusion hukugyň ýoklugy sebäpli tussghanlarda çüýredilýän ýurtdaşlaryň boşadylmagy hakynda ses berişlige gidildi. 

Mejlise gatnaşan 27 agzadan:
Goldan 24;
Garşy çykan 0;
Saklanan 3 bolmak bilen, karar kabul edildi. 

Ses berişlikden soň mejlisiň oturumy tamamlandy.

Taryhy: 04.05.2022

Scroll to Top