Search
Close this search box.

Guramaçylykly Teror Topary’nyň Hukuk ady astynda alan kararlaryny hökümsiz yglan etmek | #2

GM geçenki oturumynda: GTT’den we onuň hyzmatyndaky organ işgärlerinden nähili ýagdaýda goranmalydygy hakynda meselä seredilip geçildi.

GM gün tertibi: GTT’niň we onuň agzalarynyň kanun we hukuk sypatynda alan kararlaryny hökümsiz diýip kabul etmek.

“Özüni döwlet işgäri diýip tanadýan adamlar GTT’niň agzalarydyr” – sözleminiň esasynda aşakdaky 2 sorag ele alyndy:

  1. “Olaryň, ýagny terroristleriň, hukuk-daşy kanun çykaryp karar almalary esasynda heläk bolan ýurtdaşlaryň ykballary nähili bolmaly?”.
  2. “Terroristleriň çykaran hukuk-daşy kanunlaryna we kararlaryna hähili garamaly?”

Bu soraglara mejlis azgalary öz düşünjelerini aýtdylar:

  • “Terroristleriň alan kararlary we çykaran kanunlarynyň resmiligi ýokdyr”.
  • “Häkimiýeti kanunsyz eýelän terroristleriň kanunlary güýçsüz hasap edilmeli”.
  • “GTT’yň öz bähbitine alan kararlary jogapgärçilige çekilmelidir”.
  • “Kremliň maksatlary üçin döredilen GTT, halk bähbitli hiç hili karar almady”.
  • “Hukuk döwleti bolmadyk ýurtda kanunlar we kararlar hökümsizdir”.

Şu pikirleriň üstünden Türkmenistanda GTT’niň alan hukuk-daşy kararlarynyň we çykaran kanunlarynyň hökümsizligi aýdyldy we ses berişlige gidildi. 

Ses berişlige gatnaşan 31 agzadan:
Goldan 28;
Garşy çykan o;
Saklanan 3.

“GTT’niň hukuk-daşy kararlary we kanunlary hökümsiz” – diýip, karar alyndy.

Mejlisiň dowamynda ýene bir mesele orta goýuldy:

“GTT’niň hökümsiz kararlary sebäpli tussaghanalara basylan adamlary boşadyp, emläk ýitgileriniň öwezini dolmaklygy”.

Bu mesele barada hem düşünjeler aýdyldy:

  • “Tussag edilenleriň aglabasy töhmet zerarly gabalanlardyr”.
  • “GTT öz bähbidine garşy çykyp biljek yurduň aýdyňlaryny, hünärmenlerini, erkin garaýyşly adamlaryny tussaghanalarda çüýredýär”.

Mejlisiň soňunda, tussaghanalar baradaky meseläni giňişleýin diňlemäge almak üçin mejlisiň nobatdaky oturumynda dowam etmäge goýuldy.

Taryhy: 27. 04. 2022

Scroll to Top