Geçenki mejlis oturumynda: Türkmenistan’yň häkimiýetini kanunsyz eýeläp oturan GJT’niň hereketlerine – Terrorizm; GJT’niň agzalaryna bolsa – Terrorist ady berilmegi ses berişlik netijesinde karara alyndy.
GM’iň gün tertibi: Guramaçylykly Terror Toparyndan (GTT) halkyň goranmagy barada.
Halkyň öz gymmatlyklaryny, ar-namysyny, ruhy mertebesini, şahsyýetligini goramak üçin gerek bolan ýarag saklama zerurlygy agzalyp geçildi. Muňa mysal hökmünde, ösen we demokratik ýurtlarda halklaryň gerekli ýagdaýda özüni goramgy üçin şahsa degişli ýaragyň bolmagy. Ýaraglaryň aç-açan satylmagy bolsa halkyň şahsy goragyny güwä geçýär.
Her bir şahsyň ýarag edinme kanuny hakydyr we diňe özüni goramak maksatlydyr. Biziň ýurdumyzda bolsa halkyň aw tüpeňine çenli elinden alyp, halky goragsyz ýagdaýa getirdiler. Häzirki ýagdaýda GTT’dan goranmak üçin gerek bolsa ýarag edinmek şertdir. Bu hakynda mejlis agzalary öz düşünjelerini aýtdylar:
- “Halkyň özüni goramagy tebigy hakdyr”
- “Özüni goramak üçin her bir eline ilen guraly ýarag hökmünde ulanyp biler”
- “Öwredilen gorky sistemasyndan çykmak üçin ýaraga rugsat berilmegi şertdir”
- “GTT’dan goranmagyň iň möhüm ýollardan biri hem Onluklar bolup durýar”
Mejlisiň ilerleýän minutlarynda, Türkmenistanyň taryhyna hem göz aýlandy. Türkmen halkynyň ýaragsyz durmuşda ýaşamadyklaryna üns çekilip, ýaraglanmak Türkmen halkynyň tebigatynda bar diýildi we taryhdan käbir wakalar ýatlandy.
Türkmenistan’daky gündelik ulanylýan şygarlaryň, ýagny “Asuda asman”, “Döwlet adam üçündir”, “Açyk gapylar syýasty” diýilen ýaly galp propagandalaryň halka bähbitsizligi faktlaryň üsti bilen aýdylyp geçildi.
Mejlisde, şu ýokarky diňlenen meseleler tartyşma we täzeden diňlenmä açykdyr. Indiki mejlis oturumlarynda ele alnyp bilinjekligi aýdylyp, mejlis oturumy tamamlandy.
Taryhy: 20.04.2022