GM geçen oturumynda GJT’niň eden jenaýatlary, faktlar we şahslaryň şaýatlyklary arkaly ara alynan wakalaryň üsti bilen mejlis agzalary tarapyndan akyl ýöretme geçirildi.
Mejlisiň bu oturumynda GJT’niň eden jenaýat işliklerine umumy adyň berilmegi; şol toparyň agzasy we oňa hyzmat edýän/eden şahslary we guramalary anyklap, olara degişli kazyýet işini amala aşyrmak kanuny ýol bolup durar. Bu hakynda GM agzalary hakykatlara esaslanyp ortak düşünjelere aşakdaky şekilde eýe boldylar:
- “GJT’niň edýän/eden işlikleri esas alynjak”
- “Hyzmat edýän/eden ideologiýasy esas alynjak”
- “Türkmen halkyna garşy eden genosidi esas alynjak”
Mundan öňki edilen anyklamalaryň netijesinde, GM’niň agzalary köpçülik ýagdaýda GJT’niň edýän/eden işliklerine Terrorizm ady laýykdygy makul görüldi. Şeýlelikde ses berişlige gidildi.
Gatnaşan 31 agzadan:
Goldan 30;
Garşy çykan 0;
Saklanan 1.
Netije: GJT’niň edýän işliklerini – Terrorizm;
Şol bir wagtda, GJT’niň agzalaryna – Terrorist ady karary hem kabul edildi.
Mejlis oturumyň dowamynda, Halkyň terrorizmden nähili ýagdaýda goranmaklygy meselesi orta goýuldy.
BU mesele barada, mejlis agzalaryň makullan pikirleri şulardan ybarat:
“Halkyň terrorizmden goranmagy üçin, gerek bolsa ýarag hem edinmäge haky bolmaly”
Halkyň terrorizmden goranmaklygy hakyndaky meseläni mejlisiň indiki oturumynda diňlenmäge goýmak teklip edildi we mejlis azgalary tarapyndan kabul görüldi.
Taryhy: 13.04.2022