GM geçen oturumynda, ýurduň Täze Türkmenistan’a dogry boljak geçiş döwrüne laýyk at berilmegi mejlis agzalarynyň ses berlişige gatnaşmagy bilen “Geçiş Döwrüniň Berk Dolandyrylşy” kararyny kabul etdi.
GM’iň bu gezekki gün tertibi: Guramaçylykly Jenaýatçy Toparyň (GJT) eden jenaýatlary.
GJT’yň eden jenaýat işliklerine umumy adyň berilmegi; şol topara hyzmat edýän/eden şahyslary we guramalary anyklap, olara degişli kazyýet işini amala aşyrmak kanuny ýoly bolup durar.
“Türkmenistan ýurdumyzyň içinde GJT’yň işjeňligi barada faktlary ara alyp gürrüňdeşlik geçirilipdi we bu topara degişli resmi adyň goýulmagy” aýdylyp geçildi. “GJT’a at goýulmagy, olara jenaýat işiň gozgalmagy üçin ilkinji ädimlerden biri boljakdygy” hem aýdyldy.
Mejlis agzalary GJT’yň ýurt içinde edýän jenaýatlaryndan birnäçe faktlary we kişileriň başyndan geçen wakalar gürrüň berildi:
- “Hukuk goraýjylaryň öz ýurtdaşlaryna garşy gorky sistemasyny ýaşatmaklary”
- “Ýurtadaky giriş-çykyşlarynda töhmet atylmagy, para islenmegi”
- “Türmenistanda ýurduň aýdyň gatlagynyň ýok edilmegi”
- “Zenanlaryň türmelerde mertebeleriniň depelenmegi”
- “Gyz-gelinlere emeli ýagdaýda jellepçilik etdirilmegi”
- “Döwlet guramalarynda we studentlere çäre basyşynyň ulanylmagy”
- “Ýurtiçinde we ýurtdaşynda ýollaryň sebäpsiz ýere yzygiderli ýapylmagy”
- “Asuda asman”, “Döwlet adam üçindir” – galp propagandasynyň ýöredilmegi
- “GJT’yň dolandyrylyşygyndaky Türkmenistan’yň kanunsyzlygynyň möwjemegi”
- “Adamlara, erkin garaýşlary sebäpli özlerine we ýakynlaryna basyşlaryň edilmegi”
- “Ýurt içinde mejbury pagta sistemasynyň bolmagy”
Şu ýokardaky aýdylanlary öz içinde jemleýän, ýurt içinde geçirilyän syýasata umumy adyň berilmegi hem mejlis agzalary tarapyndan teklip etdildi.
Mejlisiň dowamynda Raşizm’iň geçiren genosidleri hem ýatlandy. Başda bolmak bilen Ak patyşa, Gyzyl terror, indi hem Raşizm syýasaty ýurdumyza uly zyýanlar berdi. GM’iň jeminde, GJT’yň edýän hereketleriniň düýbi hem Kreml’e daýanýandygy, ýagny Raşizm’e hyzmat edýändigi dile getirildi.
Berilen faktlar üstünden, GJT’ä dogry at goýulmagy üçin mejlisiň indiki oturumynda pikir alyş-çalyşygy ediljek.
Taryhy: 06.04.2022